20.9 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Baş Baýrak “Senagatbankda”

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ady bilen Türkmenistanyň “Senagat” Paýdarlar Täjirçilik banky tarapyndan geçirilen futzal ýaryşyna ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň 10-sy baş baýrak ugrunda güýç synanyşdy.

Paýtagtymyzda geçirilen ýaryşyň dowamynda toparlar ilki toparçalaryň ikisinde bäsleşdiler. Ilkinji iki orny eýelänler bolsa bäsleşigi ýarym finalda dowam etmäge mümkinçilik aldylar. Tejribeli tälimçi Mergen Ataýewiň tälimçiligindäki “Senagatbank” toparynyň görkezen oýny has-da täsirli boldy. Finalda esasy bäsdeşi “Halkbank” bilen duşuşan “Senagatbank” topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

Bäsleşigiň dowamynda garşydaşlarynyň derwezesine netijeli urgularyň 9-syny geçiren “Senagatbank” toparynyň oýunçysy Annaberdi Çaryýew “Iň köp top geçiren oýunçy” diýlip yglan edildi.

Çempionatyň netijesi boýunça hormatly üçünji orny “Türkmenistan” Döwlet Täjirçilik bankynyň topary eýelemegi başardy.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Gündiz Sagat Bire Çenli Ýagdaýa Görä Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlarynda Saýlawçylaryň Dörtden Üç Bölegine Golaýy Ses Berdi

Ýurdumyzyň Ussat Ýaş Aýdymçy-Sazandalary Belli Boldy

Eýranyň Amaly-Haşam Sungatynyň Sergisiniň Tomaşaçylary Gündogar Ussatlarynyň Nepis Eserlerine Mynasyp Baha Berdiler