20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyna Bagyşlanan Wideoşekilli Maslahat Geçirildi

Belarus Respublikasynyň Baranowiçi şäheriniň Döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan wideoşekilli maslahat geçirildi.

Agzalan çärä uniwersitetiň rektory W.I.Koçurko, prorektorlary, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Ilçihananyň işgärleri, uniwersitetde okaýan türkmen talyplary, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Rektor W.I.Koçurko öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi öňe sürmekde halkara gural bolup durýandygy barada belläp geçdi. Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler bilen bagly taýýarlyklar, Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilen gününden bäri ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi.

Çäräni türkmen talyplary bu tema bagyşlanan goşgulardyr aýdymlar bilen çykyş edip jemlediler.

Çeşme: https://neutrality.gov.tm/

Degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowa Ykdysady Ylymlaryň Doktory Alymlyk Derejesiniň Berilmegi Mynasybetli Gutlaglar

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Muzeýinde Watan Goragçylarynyň Gününe Bagyşlanan Sergisiniň Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

Türkmen milli oýunlary

syrach