23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA

Harby Okuwçylar Ders Bäsleşiklerine Gatnaşýarlar

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň zehinli ýokary synp harby okuwçylary işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Olar özleriniň bilim derejesini has-da kämilleşdirmäge, deň-duşlary bilen matematika, taryh, türkmen dili we edebiýaty, geografiýa ýaly 10-dan gowrak mekdep dersleri boýunça zehinlerini synamaga mümkinçilik aldylar.

Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik her ýyl geçirilip, okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Onda zehinli okuwçylar dürli dersler boýunça bäsleşýärler.

Harby endikleri kämilleşdirmek bilen birlikde, bilimleriň esaslaryny düýpli öwrenýän harby okuwçylar bäsleşigiň etrap tapgyrynda has tapawutlanyp çykyş etdiler. Diňe bir Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary 16 sany ýeňişli orunlary, ýagny 8 sany birinji, 4 sany ikinji we 4 sany üçünji ýerleri eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine geljekki tapgyrlarda hem üstünlikli çykyş etmeklerini arzuw edýäris.

Çeşme: Milli Goşun

Degişli makalalar

Ýurdumyzda Aahalteke Bedewlere Bagyşlanylan “At-Myrat” Atly Film Görkezilip Başlanyldy

Bozdepe

Ýurdumyzyň Çempionaty Tamamlandy, Öňde – Dünýä Çempionaty