21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Kitaby IIM-niň Dörediliş Taryhyna Bagyşlanandyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Kitaby IIM-niň Dörediliş Taryhyna Bagyşlanandyr

Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-harby bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Neşir kanunçylygyň, jemgyýetçilik asudalygynyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmeginde örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýän Türkmenistanyň IIM-niň alyp barýan işlerine bagyşlanypdyr. Kitapda döwlet gurluşynyň bu möhüm edarasynyň kemala gelmeginiň taryhy hem-de bu düzümlerde köp ýyllaryň dowamynda işlän we baý tejribe toplan Mälikguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandy açylyp görkezilýär.

Dabaraly çäre mynasybetli ýurdumyzyň IIM-niň edaralarynda dürli ýyllarda ulanylan awtoulaglaryň hem-de beýleki ýörite ulaglaryň sergisi guraldy.

Şeýle hem tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar 1001-nji harby bölümiň Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň bitiren işlerine we geçen zähmet ýoluna bagyşlanan muzeýe baryp gördüler. Muzeý gymmatlyklarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň kyblasyna degişli resminamalar, bu ajaýyp ynsanyň bitiren hyzmatlary üçin berlen hormat hatlary, diplomlar we beýlekiler bar.

Täze neşiriň tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler milli Liderimiziň täze kitabynyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini hem-de onuň nesiller, aýratyn-da, içeri işler edaralarynyň şahsy düzümi üçin özboluşly mekdepdigini bellediler.

Şeýle hem halkymyzyň parasatly ruhy ýörelgeleri barada gürrüň edildi. Şol däp-dessurlaryň biri hem ýaşuly nesle hormat goýmak, olaryň maslahatlaryna eýermek, dowamatlylyk we halypaçylyk ýörelgeleridir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Içeri işler ministrliginiň weteranlary çykyş edip, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda Içeri işler edaralarynyň milli mekdebiniň döredilişi baradaky ýatlamalaryny paýlaşdylar, bu edaralaryň wezipeleri jemgyýetçilik tertibini gorap saklamak hem-de jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek, jenaýatlaryň öňüni almak we olary açmak işlerinden ybaratdyr. Garaşsyz döwletimiziň kemala gelýän şol çylşyrymly döwürlerinde ýerine ýetiriji häkimiýet döwlet edaralarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýan milli hukuk goraýjy ulgamyň döredilmeginde Mälikguly aga uly orun degişlidir. Bular göz öňünde tutulyp, IIM-niň Weteranlar geňeşi bütin durmuşyny öz halkyna, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň bähbitleriniň goragyna bagyş eden bu ajaýyp ynsanyň bitiren hyzmatlarynyň hormatyna Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medaly esaslandyrmagy teklip etdi. Bu teklip Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberiler.

Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasynda täze kitapdan bölekler okaldy, onuň ahlak-watançylyk ähmiýeti, many-mazmun çuňlugy hem-de ýokary çeperçilik derejesi nygtaldy. Kitabyň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly durmuşyň manysy – okamakdyr. Hut şu pikir hem täze neşiriň pelsepe özeni boldy.

Şeýle hem dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy. Mälikguly Berdimuhamedowyň ýarym asyrdan hem gowrak wagt mundan ozal döreden hem-de häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýän goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Awstraliýa Aşgabat 2017-ä Gatnaşjak 18 Türgenini Saýlady

Olimpiýa Stadionynda V Aziadanyň Ýapylyş Dabarasy Fotosuratlary

turkmenhabargullugy