14.9 C
Aşkabat
16.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Intellektual Eýeçiligi Ulgamyndaky Halkara Hyzmatdaşlyk

Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda intellektual eýeçiliginiň hukuklary, awtorlyk hukugyny goramakda tejribe alyşmak, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribesini öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň dowamynda Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň hukuk binýadyny giňeltmek, hususan-da, ýurdumyzyň körlere we görmek ýa-da beýleki ukyplary kemçilikli adamlar üçin çap edilen neşirlere ýeňillikleri döredip bermek hakyndaky Marrakeş ylalaşygyna goşulyşmak hem-de ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma goýberýän edaralaryň hukuklaryny goramak hakyndaky Rim konwensiýasyna goşulyşmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň intellektual eýeçiligi ylymda we ykdysadyýetde täzeçil hem-de döredijilikli işläp taýýarlamalary (rugsatnama, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşan, nusga) höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýan gurama bolup durýar.

Türkmenistan abraýly halkara guramalary we düzümleri, şol sanda 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligiň düzümlerini goramak babatda döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyş işini alyp barýar.

2015-nji ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy» herekete girizildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Raýat Kodeksi, «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazarlarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» we beýlekiler esasy hukuknamalar bolup hyzmat edýär.

Ýokarda görkezilen kanunçylyk namalary intellektual eýeçiligi goramak meselelerini öz içine alýan, intellektual eýeçiligiň desgalarynda ýuridik we şahsy taraplaryň hukuklaryny kadalaşdyrýan hukuk düzgünlerinden ybaratdyr. Intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň hereket edýän döwründe daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda ägirt uly işler ýerine ýetirildi.

2015-nji ýylda Türkmenistan 1999-njy ýylyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa namasyna we olimpiýa nyşanlaryny goramak boýunça Naýrobi şertnamasyna goşuldy. 2016-njy ýylda bolsa edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyna goşuldy.

Wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen maslahatda intellektual eýeçilige bolan hukuklar bilen baglanyşykly kadalaşdyryş-hukuk meselelerini çözmegiň häzirki zaman tejribeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda hukugy bellige almak hem-de awtorlyk hukugyny goramak meselelerine seredildi. Mundan başga-da, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynda hereket edýän okuw maksatnamalaryna we şertnamalara jikme-jik deglip geçildi.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri bilen geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda intellektual eýeçiligi ulgamynda halkara standartlaryny ulanmak boýunça tejribe alşyldy.

Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy intellektual eýeçiligiň deňeçer we netijeli halkara ulgamynyň kömegi arkaly ähli ýurtlary ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek maksady bilen täzeçil döredijilige goldaw berýär.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýaşlary intellektual eýeçiligiň meseleleri bilen tanyşdyrmak döredijilik işiniň höweslendirilmeginiň, beýleki adamlaryň hukuklaryna hormat goýmak zerurlygynyň ösdürilmeginde intellektual hukugyň ähmiýetini düşündirmekden ybaratdyr.

Täze eseri döredýän we oýlap tapyşlary öňe sürýän awtorlaryň sany ýurdumyzda ýyl-ýyldan artýar. Intellektual eýeçilik bolsa oýlap tapyşlar, edebi we çeper eserler, şeýle hem täjirçilik maksady bilen ulanylýan nyşanlar, atlar we nusgalar bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýär.

Bu gezekki wideomaslahatyň dowamynda Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasynyň bilermenleri gurama agza döwletlerde intellektual eýeçilik boýunça bilimleri we ukyplary ösdürmek ugrunda peýdalanylýan dürli okuw maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar.

Çykyş edenler uzak aralykdan geçirilýän okuwlaryň giňden ýaýran usuldygyny belläp, bilim maksatnamalaryny taýýarlamakda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we bu ugur boýunça degişli okuw gollanmalaryny taýýarlamakda Türkmenistana goldaw bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda maslahata gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň ýokarydygyny bellediler we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine ýokary baha berdiler.

Intellektual eýeçiliginiň halkara ulgamynyň täzeçilligi we döredijiligi höweslendirmek, bu ulgamda bazar gatnaşyklaryna ýardam bermek işlerini üpjün etmek Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wideomaslahata gatnaşyjylar Marrakeş şertnamasyna goşulmak hakyndaky meselä garadylar. Ol 2013-nji ýylda Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasyna agza döwletler tarapyndan kabul edildi.

Munuň özi ilkinji awtorlyk hukugy hakyndaky şertnamadyr. Onuň esasynda adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasyna, BMG-niň maýyplaryň hukugy hakynda Konwensiýa salgylanýan adam hukuklarynyň düzgünnamalary bar. Şertnamanyň düzgünine laýyklykda, oňa metbugat eserleri, elektron kitaplar, audiokitaplar, gazetler, žurnallar we saz partituralary, şeýle hem şol eserleriň suratlary we şekilleri degişlidir.

Şeýle hem wideomaslahata gatnaşyjylar ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary taýýarlaýjylaryň we ýaýlyma goýberýän edaralaryň hukuklaryny goramak hakynda Rim konwensiýasyna goşulmak babatda pikir alyşdylar. Bu konwensiýanyň dolandyryş işini Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy Halkara zähmet guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça düzümi (ÝUNESKO) bilen bilelikde alyp barýar.

Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy bilen hyzmatdaşlyga laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ylmy, edebi we sungat eserlerini döretmek, peýdalanmak, fonogrammalary, wideogrammalary ýaýlyma goýberiji edaralaryň gepleşiklerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tassyklandy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ulgamdaky kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär.

Işewürlik we tehnika ulgamlaryndaky özgerişleriň şertlerinde awtorlyk hukugyny goramagyň wajyplygynyň ýokarlanýandygy nygtalyp, türkmen tarapynyň özara gatnaşyklary giňeltmek we bu ulgamdaky bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmegiň mümkinçilikleri boýunça gelip gowuşýan ähli tekliplere garamaga we olary öwrenmäge taýýardygy bellenildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy we bu ugurda beýleki halkara düzümleri bilen netijeli pikir alyşmalary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Meksikaly Kärdeşine Adam Pidalaryna Getiren Ýer Titremesi Zerarly Gynanç Bildirdi

2020-nji Ýylyň Olimpiýa Oýunlaryna Gatnaşmaga Taýýarlyk Işleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy