23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

“Nurly Meýdan” Towuk Etini we Ýumurtga Öndürmegi Artdyrýar

Ýurdumyzda belli guş etini we ýumurtga öndüriji «Nurly meýdan» daýhan hojalygy şu ýyl önümçilik görkezijilerini iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin telekeçiler ROSS-308 et üçin ýetişdirilýän mäkileri satyn aldylar. Bu tohum towuklar köp ýumurtga berijiligi we gije-gündiziň dowamynda semreýşi bilen tapawutlanýar.

Wengriýaly öndürijilerden satyn alnan onuň birinji tapgyry – 32 müň jüýje Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky guşçulyk fermasyne gelip gowuşdy. Tohumlyk towuklary köpeltmek üçin ýene-de 84 müň jüýje şu ýylyň birinji ýarymynda tapgyrlaýyn getiriler.

Häzirki wagtda ýurdumyzda iri guşçulyk hojalygynyň düzüminde awtomatlaşdyrylan inkubasion toplum, ketekleriň ona golaýy bolup, olar ýylda üç milliona golaý ete niýetlenen towuk ýetişdirmäge mümkinçilik berýär, mundan başga-da, granulirlenen we sepelenýän iým çykarýan kombikorm zawody bar. Bu desgalaryň işe girizilmegi guş etiniň we ýumurtganyň önümçiliginiň gutarnykly tapgyryny guramaga mümkinçilik berer.

Geçen ýyl dükanlara Bereketden 3 müň tonna golaý ýokary hilli guş eti alyndy – munuň özi tutuş ýurtda öndürilýän guş etiniň üçden bir bölegidir.

Daýhan hojalygy «Bereketli», «Kämil Market» HJ-nyň dükanlary, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligniň welaýatlardaky bölümleri, paýtagtyň bazarlary bilen önüm ibermäge şertnama baglaşdy. Geljekde hususy düzüm önüm öndürilişini ýylda 8 müň tonna çenli artdyryp biler.

Mundan başga-da, telekeçiler Bereket etrabynyň Uzynsuw şäherçesinde guşçulyk fermasyny hususylaşdyrdylar we täzeden enjamlaşdyrdylar. Kärhana ýylda 20-30 million ýumurtga öndürmäge niýetlenenedir. Geçen ýylyň dekabr we şu ýylyň ýanwar aýlarynda üç milliona golaý ýumurtga ýerleşdirildi.

Degişli makalalar

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Sergisi we Maslahaty

Hepdäniň Wakalary

syrach

Bildiriş

turkmenhabargullugy