17.9 C
Aşkabat
29.03.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Obasenagat Toplumynyň Maddy-Enjamlaýyn Binýady Pugtalandyrylýar

Obasenagat Toplumynyň Maddy-Enjamlaýyn Binýady Pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ygtyýaryna döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň gelmegi dowam edýär. Ine, täze ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda ýurdumyza “John Deere 8245R” sürüm traktorlarynyň, şeýle hem bütin dünýä meşhur “CLAAS” maşyngurluşyk kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) “AXOS 340 CX” köpugurly traktorlarynyň birinji tapgyry gelip gowuşdy.

Täze oba hojalyk maşynlaryny garşylamak dabarasyna ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Täze maşynlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýörite okuwlar guraldy.

Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, «John Deere International GmbH» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) hem-de “Umax Trade GmbH” (GFR) kompaniýalary bilen oba hojalyk tehnikalarynyň uly tapgyryny satyn almak barada şertnamalar baglaşyldy.

Hususan-da, geçen galla oragy möwsüminde ýurdumyzyň ekerançylaryna gelip gowşan “John Deere W540” hem-de “TUCANO 430” galla ýygýan kombaýnlaryň onlarçasy meýdanlara çykaryldy. Sürüm möwsümine çenli “John Deere 8245R” traktorlarynyň 400-siniň, pagta ýygymyna çenli “John Deere 9970” pagta ýygýan kombaýnlarynyň 200-siniň gelmegine garaşylýar. 2018-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde hem bu kysymly kombaýnlaryň şonçasy Türkmenistana getiriler.

Öz nobatynda, “Umax Trade GmbH” kompaniýasy ýakyn iki ýylyň dowamynda Türkmenistana Germaniýanyň “CLAAS” konserni we Ýewropanyň beýleki esasy kompaniýalary tarapyndan öndürilýän tehnikalary iberer. Birinji tapgyrda, 2017-nji ýylda “Axion 850” sürüm traktorlarynyň 200-si, “TUCANO” galla ýygnaýan kombaýnlaryň hem 200-si, “Eur Opal 95 H 100” kysymly azallaryň şonçasy, “AXOS 340 CX” traktorlarynyň we “SL TM 360” däne ekýän tehnikalaryň hersinden 500-si, dürli kysymly zemsnarýadlaryň 20-si getiriler.

Ikinji tapgyrda – 2018-nji ýylda “AXION-850” sürüm traktorlarynyň ýene-de 300-si, “TUCANO-430” galla orujy kombaýnlaryň 300-si, azallaryň hem 300-si, “AXOS 340 CX” kysymly sürüm traktorlarynyň we “SL TM 360” kysymly däne ekijileriň hersinden 500-si we läbik sorujylaryň 30-sy ýurdumyza getiriler. Tehnikalary ibermegiň üçünji tapgyry 2019-2020-nji ýyllara meýilleşdirilýär. Şonda sürüm traktorlarynyň 300-sini, galla orujy kombaýnlaryň 400-sini, azallaryň 300-sini, ýerleri bejermek üçin traktorlaryň 550-sini, şonça-da däne ekijileri we beýlekileri satyn almak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyza gelip gowuşýan oba hojalyk tehikalarynyň ählisi deslapky synagdan – ýerli toprak-howa şertlerine laýyklygy babatdaky synagdan geçirilýär. «John Deere» we «CLAAS» kysymly täze tehnikalaryň nusgalary hem meýdan synagyndan üstünlikli geçip, özleriniň artykmaçlyklaryny görkezdiler.

“John Deere 8245R” sürüm traktorlary hem biziň ýerlerimiziň şertlerinde geçirilen synaglarda özlerini iň gowy tarapdan görkezdiler. Ýurdumyzyň hünärmenleri olaryň köpugurlylygyny, uly kuwwatyny hem-de ygtybarlylygyny bellediler. Bu traktorlary dolandyrmak örän ýeňildir. Şu kysymly maşynlar örän oňaýlylygy hem-de ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýarlar. Olar diňe bir gündizine däl, eýsem, gijesine hem işlemäge ukyplydyr. Ýangyjy tygşytly sarp edýändigi tehnikalaryň şu görnüşiniň artykmaçlygydyr.

“CLAAS AXOS 340 CX” – bu köpugurly, çalt hereket edýän we ykjam, köp ýük göterýän traktordyr. Ol islendik oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Onuň ykjamlygy bilen baglylykda, bu traktor meýdan işlerinde hem-de beýik bolmadyk binalaryň içinde hem ulanylyp bilner. Traktor mineral dökünleri sepýän enjam ýa-da galla orýan enjam dakylyp, islendik işleri ýerine ýetirende-de, ol ykjamlylygy hem-de oňaýlylygy bilen tapawutlanýar.

Obasenagat toplumyny täze tehnikalar bilen üpjün etmek, ýokary düşewüntliligi hem-de agrar önümçiligiň netijeliligini üpjün edýän we serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň esasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oňyn strategiýanyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimiz oba hojalyk pudagyna uly goldaw berýär. 2017—2019-njy ýyllarda Türkmenistana döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň uly möçberiniň tapgyrlaýyn gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

TDH

Degişli makalalar

Onlaýn Teleýaýylym

turkmenhabargullugy

Türkmen-Eýran Işewürler Maslahaty

syrach

Türkmenistan Gruziýa Iberýän Nebit Önümleriniň Möçberini Artdyrýar