24.6 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Press-Reliz: Halkara Pul Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Geňeşi Türkmenistan Bilen 2017-nji Ýyl Üçin Maslahaty Tamamlady

Press-Reliz: Halkara Pul Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Geňeşi Türkmenistan Bilen 2017-nji Ýyl Üçin Maslahaty Tamamlady

Halkara pul gaznasy şu gün Türkmenistan bilen 2017-nji ýylyň maslahatynyň jemleri boýunça maglumatlary ýaýratdy.

“Türkmenistan tebigy gazyň iri öndürijisi bolup, daşarky oňaýsyz ýagdaýlaryň täsirine, nebitiň we gazyň durnukly pes derejedäki bahalaryna we daşary söwda gatnaşyklary bolan ýurtlaryň ykdysady ösüş depginleriniň peselmegine uýgunlaşmagyny dowam edýär. Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ösüş depgini 6% derejesinden ýokary durnukly ýagdaýda saklanyp gelýär, muňa Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazyň eksportynyň artmagy, şeýle hem karz syýasatynyň geriminiň giňeldilmegi hem-de importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümçilikleriň ösdürilmegi ýardam berýär. Döwlet býujetiniň ýetmezçiligi pes derejede, ýagny JIÖ-niň 1¼ göterimine deň boldy, emma daşary söwda dolanyşygyndaky ýetmezçiligi JIÖ bolan gatnaşygynda 21 göterime çenli artdy.

Ýurduň döwlet edaralary nebitiň we gazyň peselen bahalaryndan ugur alyp ykdysady syýasatyna düzedişleri girizmeklige başladylar. Bu ugurda soňky bir-iki ýylyň dowamynda döwlet maýa goýumlary azaldyldy, milli puluň hümmeti tapgyrlaýyn peseldildi hem-de jemagat hyzmatlarynyň bahalary birgezekleýin ýokarlandyryldy. Şeýle hem, döwlet dolandyryş edaralary tarapyndan milli önümçilik binýadyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler has-da güýçlendirildi. Gazyň çykarylyşyny artdyrmak we täze gaz geçirijileri gurmak boýunça giň gerimli meýilnamalar kabul edildi. Şeýle-de nebithimiýa senagatyny ösdürmek, uglewodorod serişdelerden başga tebigy serişdeleri gazyp almaklygyň we gaýtadan işlemekligiň gerimini giňeltmek, hususy bölegi ösdürmekligi goldamak ýaly çäreler amala aşyryldy.

Geljek birnäçe ýyllaryň dowamynda daşarky oňaýsyz ýagdaýlaryň täsirleriniň dowam etmeginde, Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileriniň üýtgäp durýan bolmagy, şol sanda ösüş depgininiň dowam etmegi, hümmetsizlenmäniň ortaça derejesiniň we býujetiň deňagramlylygynyň saklanyp galmagy çak edilýär. Geçen ýylyň 6,2% derejesindäki ösüş depgininiň 2017-nji ýylda 6,5%-e barabar bolmagyna garaşylýar. Çaklama görä hümmetsizlenme görkezijisi aralyk derejesinde bolup, takmynan 6%-e deň bolmagyna garaşylýar. Döwlet býujetiniň deňagramly ýagdaýa golaý bolmagyna garaşylýar. Şol bir wagtda nebitiň we gazyň bahalarynyň pes derejede hem-de döwlet maýa goýumlarynyň ýokary derejede bolmagynda orta möhlet üçin döwlet bergisiniň takmynan 11% derejesinde saklanyp galmagy çaklanylýar.”

Maglumatda HPG-nyň Ýerine ýteiriji geňeşiniň bahasy getirilýär
“Ýerine ýetiriji geňeş soňky iki ýylyň içinde döwlet edaralarynyň daşarky oňaýsyz ýagdaýlaryň täsirlerine, aýratyn hem, nebitiň we gazyň pes derejedäki bahalarynyň täsirine uýgunlaşmaga we durnukly ösüşe ýardam bermek babatynda amala aşyran çärelerine oňaýly baha berdiler. Şonuň bilen birlikde, Geňeş tarapyndan daşky deňagramsyzlygyň uly möçberleriniň saklanyp galýandygy bellenildi hem-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün edýän özgertmeleriň geçirilmegi bilen bir hatarda daşary söwda dolanyşygyndaky ýetmezçiligi peseltmek üçin ykdysady syýasatyň goşmaça düzedişleriň amala aşyrylmagynyň zerurlygy barada bellenildi.

Ýerine ýetiriji geňeş daşary söwda dolanyşygyndaky ýetmezçiligiň peseldilmegi geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar diýip hasaplaýar. Döwlet maýa goýumlaryna çykdajylaryň azaldylmagy, karz goýumlarynyň depginleriniň we alyş-çalyş hümmetiniň peseldilmegi bilen bagly syýasy çäreleriň toplumy, ykdysady syýasatda zerur bolan düzedişleri amala aşyrmaklyga ýardam berer diýen netijä geldiler. Geňeşiň agzalary şeýle düzedişleriň dowamynda ilatyň pes goragly gatlagyny goldamaklygyň zerurdygyny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem, bu tapgyrda alyş-çalyş hümmetiň kesgitlenen derejede saklanyp galmagy şertlendirilen bolup durýar, emma orta möhletli gelejek üçin alyş-çalyş hümmetiniň çeýeligi daşky ýaramaz täsirlere we makroykdysady şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmaga ýardam berer. Şol bir wagtda ýurdumyzyň pul-karz syýasatynyň esaslaryny kämilleşdirmek üçin şert döreder. Gündelik halkara amallarynda daşary ýurt pulunyň çäklendirmesiniň ýatyrylmagy ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaklyga ýardam berer diýip hasaplanylýar.

Ýerine ýetiriji geňeş nebitiň we gazyň bahalarynyň pes derejede saklanýan döwründe, hususy bölegiň ösüşine we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmaklygyň zerurdygyny belläp geçdi. Işewür we kadalaşdyryjy gurşawy mundan beýläk hem kämilleşdirmeklige, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmaga we özgertmäge, döwlet maýa goýum harajatlarynyň azaldylmagyna we olaryň has netijeli ulanylmagyna, şeýle hem durmuş taýdan goraglylyga we adam gorunyň ösüşine aýratyn üns bermekligi maslahat berdiler. Umumy görnüşde ykdysadyýeti meýilleşdirmekde we kadalaşdyrmakda döwletiň täsiriniň kem-kemden azaldylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Ýerine ýetiriji geňeş Türkmenistanyň maliýe hukuk-kadalaşdyryjy ulgamyny Bazel komitetiniň ülňülerine laýyk getirmek üçin meýilleşdirilýän toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmaklygy teklip etdi. Ýerine ýetiriji geňeş döwlet taslamalaryna gönükdirilen merkezleşdirilen karzlaryň we beýleki karzlaryň möçberleriniň artýanlygy sebäpli, banklarda töwekgilçilikleri dolandyrmaklygy we köpçülikleýin dolandyrylyşy kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ykdysady kadalaşdyryjylaryň talapalaryny berkitmekligi, karz taslamalary saýlananda aýratyn usullaryň ulanylmagyny, şeýle hem daşary ýurt pulunyň töwekgelçiligi baradaky maglumatlylygy ýokarlandyrmagy maslahat berýär.

Ýerine ýetiriji geňeş döwlet edaralaryna býujet, maliýe we daşary ykdysady statistikanyň giňden ýaýradylmagyny we maglumat üpjünçiligini ýokarlandyrmagy maslahat berýär. Bu bolsa gyzyklanýan taraplara makroykdysady meýillere we döwlet edaralarynyň syýasy ugurlaryna has aýdyň düşünmeklerine ýardam berer, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmäge we halkara maliýe bazarlaryna girmäge şert döreder diýip hasaplanylýar.”

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Saýlanan Prezidentini Gutlady

turkmenhabargullugy

Küştdepdi Tansy-Hindistanda Geçirilen Halkara Tans Festiwalynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Saýlanylan Prezidenti Öz Işine Girişdi

turkmenhabargullugy