24.6 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Seulda Hökümetara Türkmen-Koreý Toparynyň Ýedinji Mejlisi Geçiriler

15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, ol Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçiriler.

Hususan-da, mejlisiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, maliýe we senagat ulgamlarynda, energetika hem-de mineral serişdelerini gaýtadan işlemek, ulag we gurluşyk, oba hojalygy hem-de balykçylyk ulgamynda, medeniýet, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, standartlaşdyrmak, ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak barada degişli Karara gol çekdi. Bu resminama elektron resminama dolanyşygynyň üsti bilen wise-premýere iberildi.

milligosun.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan-GDA: Ynsanperwer Ulgamda Hyzmatdaşlyk Ösdürilýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Halkara Migrasiýa Meseleleriniň Çözülmegine Goşandyny Artdyrýar

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary