20.9 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Talyplar Futzal Meýdançasynda

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän futzal ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy.

Deslapky tapgyrda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hemmesiniň gatnaşandygyny aýtmak gerek. Geçirilen bäsleşikleriň netijesinde esasy tapgyrda toparlaryň 8-si çykdy.

Geçirilen toparçalaýyn bäsleşikde hem-de ýarym final duşuşyklarynda netijeli çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň toparlary aýgytlaýjy duşuşykda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bäsleşigi eminler we gözegçi eminler bilen üpjün edýändigini bellemek gerek.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Stambulyň Ilaty Ilkinji Gezek Azaldy

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Bildiriş

syrach