23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Türkiýede Bilim Almak Üçin Resminamalaryň Terjime Hyzmat

Türkiýede Bilim Almak Üçin Resminamalaryň Terjime Hyzmat

Häzirki döwürde Türkiýede on müňlerçe daşary ýurtly talyp bilim alýar. Türkiýede bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň arasynda iň köp talyp Türkmenistandan gelen talyplar bolup durýar. Türkmen we Türk halklarynyň bilelikdäki taryha we medeni mirasa eýe bolmagy, iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň ýokary derejede bolmagy, Türkiýäniň bilim ulgamynyň yzygiderli ösmegi, bilim almagyň bahasynyň elýeterli bolmagy ýaly sebäpler, türkmen talyplarynyň hem Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryna gyzyklanmagyna getirýär. Türkiýe tarapyndan döredilýän talyp haky mümkinçilikleri bolsa, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryna bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar.

Türkiýede okamak üçin resminamalaryň kabul edilşigi dowam edýär.

Daşary ýurtly talyplar üçin ýüz tutmalaryň kabul edilmäne başlanmagy bilen Türkiýede bilim almak isleýän talyplar üçin gyzgalaňly möwsümiň başlanandygyny aňladýar. Türkiýede bilim almak üçin resminamalary tabşyran wagtyňyz üns bermeli ýagdaýlaryň biri hem resminamalaryň çalt, ýokary hilli we amatly terjime edilmeginiň wajyplygy bolup durýar. Şeýle hem, terjime edýän edaranyň eden terjimesiniň hem degişli edaralar tarapyndan kabul edilmegi hökmanydyr. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Makul Hyzmat terjime merkeziniň ýerine ýetiren terjimeleri, Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy we Türk Bilim Geňeşligi tarapyndan kabul edilýär.

Orta bilim hakynda şahadatnama bilen ýokary okuw jaýyna kabul edilme mümkinçiligi

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň ilki bilen, Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny, Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasportyny, orta bilim hakyndaky şahadatnamany şeýle hem orta bilim meýilnamasy boýunça soňky 3 ýylyň bahalary baradaky resminamasynyň terjimesini Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki Ilçihanasy we Türk Bilim Geňeşligi tarapyndan kabul edilýän terjime merkezi tarapyndan terjime etdirmelidir. Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryna daşary ýurtly raýatlar umumy kada boýunça ÝÖS we SAT synag netijelerine görä kabul edilýän bolsa hem, käbir ýokary okuw jaýlary orta bilim hakyndaky şahadatnamasynyň netijesine görä hem talyplary kabul edýärler.

Online Terjime mümkünçiligi

Türkiýede bilim almak isleýän talyplar, ýokarda sanawy berilen resminamalaryny ilkinji nobatda kabul edilýän terjime merkezinde terjime etdirmelidir. Soňra bu resminamalaryň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türk Bilim Geňeşligine tassyklatmaly bolup durýarlar. Siz resminamalaryňyzy terjime etdirmek üçin wagt ýitirmezden, gönüden göni “laýn” ulgamynyň üsti bilen ýa-da “e-poçta” ulgamy bilen Makul Hyzmat terjime merkezine ugradyp bilersiňiz. Bu Size wagt we ýol çykdajylaryňyzy tygşytlamana mümkinçilik berýär.

Line hasabyndan Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutuň!

Mysal üçin pasportyňyzyň suratyny el telefonyňyzdan çekip, ol suraty aşakda maglumatlary berilýän “laýn” ulgamyna goşulyp (goşumak üçin ID @makulhyzmat ID @atavatan ) Makul Hyzmat Terjime merkezine ugradyp bilersiňiz. Size Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň hünärmeni terjimäniň haçan taýýar boljakdygyny habar berer. Bu bolsa, Terjime merkezlerine azyndan iki gezek gitmek zähmetini aradan aýyrýar we Siz hiç garaşmazdan terjimäňizi alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin

Türkmenistandaky salgysy

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Telefon : +993 63 78 96 73 (Türkmenistan)

Resmi Line ID : @makulhyzmat

Resmi Line Hesabı : https://line.me/R/ti/p/%40makulhyzmat

Türkiýedäki salgysy

E: Mail : tercume@atavatan-turkmenistan.com

Telefon :  +90 532 401 71 52 (Türkiye)

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

Resmi Line ID : @atavatan

Resmi Line Hesabı : https://line.me/R/ti/p/%40atavatan

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni Mynasybetli Dabaralara Gatnaşdy Fotosuratlary

“Dagyň Depesine Çykmak” Taslamasyna Gatnaşyjylar “Gadymy Merw” Döwlet Taryhy-Medeni Goraghanasyna Baryp Gördüler

Ýüregimiz Käte Näme Isleýär?