25.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Futbolçysy «Totenhemiň» Oýunçysyna Üstünlik Arzuw Etdi

Londanyň«Tottenhem» toparynyňhüjümçisi Son Hyn Min (Günorta Koreýa) Angliýanyň Premýer-ligasynyň 26-njy tapgyrynda « Aston Willa» bilen bolan oýunda (3:2) şikes aldy. Şondan soňra onuň bu möwsümiň dowamyndameýdança çykyp bilmejekligi mälim boldy.

Bilişimiz ýaly, mart aýynyň 26-syna Türkmenistan milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň saýlamaýaryşynyň çäklerindeGünorta Koreýa bilen duşuşar. Son Hyn Miniň şikes almagy GünortaKoreýanyň milli ýygyndysy üçin uly ýitgi bolar. Şonuň üçin biz milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowdan bu ýagdaý bilen bagly pikirlerini paýlaşmagyny haýyş etdik. Ol şeýle gürrüň berdi:

— Son ýaly tejribeli oýunçynyň hatardan çykmagy «Totenhem» üçinem, Günorta Koreýanyň ýygyndysy üçinem ýakymsyz täzelik. Olaryň toparçadaky esasy garşydaşymyzdygyna garamazdan, Son Hyn Miniň sag-aman aýaga galyp meýdança dolanmagyny arzuw edýärin! Biz üçin Son milli ýygyndynyň düzüminde meýdança çyksa gowudy. Onuň oýnuň şowhunyny artdyrjakdygy şübhesizdir.

Soňra Arslanmyrat Amanow «Futbolda garşydaşyň ýitgilerine, däl-de öziňe has köpräk ynanmaly»–diýip sözüni jemledi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow häzirki wagtda meşhur futbolçy Mirjalol Kasymowyň tälim berýän AGMK (Özbegistan) toparynda çykyş edýär.

Taýýarlan Merdan BAÝAT,

sport synçysy

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

«Awaza» Şypahanasy

«Bagtyýarlyk Döwrüniň Teatr Sungaty» Atly III Halkara Festiwala Gatnaşyjylara

Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň Baýramy

syrach