24.6 C
Aşkabat
23.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenhowaýollary Boing-737-800 ýolagçy,,,

 Türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline ABŞ-nyň Sietl şäherinden köp sagatlyk uçuşy amala aşyran täze “Boing-737-800” ýolagçy uçary gelip gondy. Munuň özi şu kysymdaky döwrebap howa gämileriniň üçüsiniň biridir, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda Amerikanyň dünýä meşhur “Boing” uçar gurluşyk kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda biziň ýurdumyza şu ýyl gelip gowşar. 

“Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň tehniki parkynyň üstüni ýetiren nobatdaky howa gämisiniň gelip gowuşmagy hakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa howa menzilinde Gazagystan Respublikasyna ugramazyndan öň habar berildi. Milli Liderimiz bu habary kanagatlanmak bilen kabul edip, Gullugyň işgärlerini we täze howa ulagyna ak pata bermek dessuryna gatnaşýan hormatly ýaşululary ýurdumyzyň raýat awiasiýasyna döwrebap gäminiň goşulmagy bilen gutlady. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap howa menzilleri gurulýar, milli howa gämilerimiziň bolsa esasy dünýä önüm öndürijilerinden alynýan awiatehnikalaryň hasabyna yzygiderli üsti ýetirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda pudakda täze kysymdaky “Boing-757”, “Boing-737” we “Boing-717” uçarlary, uzak aralyga uçýan “Boing-767-300-ER” uçary bardyr, olar diňe bir içerki uçuşlarda däl, eýsem, Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmazdan uçuşy amala aşyrmaga mümkinçiligi üpjün edýär. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna” laýyklykda şeýle uçarlaryň sany ep-esli artar. 

160 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenen täze has oňaýly “Boing-737-800” uçaryny dürli ugurlarda, şol sanda Londona, Frankfurta, Stambula, Minskä, Kiýewe, Moskwa, Abu-dabä, Delä, Pekine, Bangkoka we beýleki şäherlere tarap uçuşda peýdalanmak meýilnamalaşdyrylýar. 

Milli däbe görä hormatly ýaşulular täze uçaryň gelmegi mynasybetli ak pata bermek dessuryny amala aşyrdylar we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin aýat-töwir okadylar.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Ýadygärlikler Toplumyna Gül Goýdy we Haj Zyýaratynyň Sadakasyny Berdi

syrach

Futzal Boýunça Türkmenistanyň Ilkinji Naýbaşy Kubogy «Köpetdagda»

Metbugat-Relizi