1.9 C
Aşkabat
06.12.2021
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan-BMG

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) “Durmuş monitoringi: Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynda çagalaryň hukuklarynyň we abadançylygynyň durmuş goraglylygy” diýen sebit çykyşynyň tanyşdyryş çäresi boldy.

ÝUNISEF-iň döredilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde geçirilýän bu çärä ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn düzümleriň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, TIKA-nyň, USAID-iň agentlikleriniň wekilleri we beýlekiler, şeýle hem köpsanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu gezekki tanyşdyryş çäresiniň barşynda ýurdumyzyň çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy babatda durnukly ulgamy döretmekde toplan oňyn tejribelerine, şeýle hem döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini hem-de ýetilen sepgitleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen bilelikdäki işleriniň meýilnamalaryna, geljekki ugurlaryna seredildi.  

Çärä gatnaşyjylar çagalaryň hukugyny üpjün etmekde ýurdumyzyň gazanan ähmiýetli üstünlikleri barada aýratyn bellediler. Munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň durmuş ulgamyny nazarlaýandygyny we onuň esasynda halkymyz, onuň bagtyýarlygy, saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikler we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary işjeň  ösdürip, çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşi üçin has amatly şertleriň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Körpeleriň dünýä derejesinde bilim, terbiýe almagy üçin ähli zerur mümkinçilikler döredildi. Çagalar babatdaky milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi maksada laýyk çäredir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu babatda binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda çagalaryň durmuş goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukugy baradaky konwensiýasyna, degişli Gaaga konwensiýasyna goşuldy. 

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde  Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýurt maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goldanyldy we şu ýylyň mart aýynda ýörite Karar bilen berkidildi. 

Bu resminama özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat eder. Soňky ýyllarda onuň çäklerinde durmuş syýasaty, saglygy goraýyş we iýmit, eneligi hem-de çagalygy goramak, irki ösüş, kanunçylyk, bilim, sport we beýleki ugurlar boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalar hem-de maksatnamalar ýerine ýetirildi.  

Umumy pikire görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler   Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde  durnukly ösüşiň meseleleri boýunça geçirilen Sammitde öňe süren anyk teklipleri mundan beýläk-de bilelikdäki iş üçin örän ähmiýetlidir. 

Mälim bolşy ýaly, ÝUNISEF özüniň hereket edip başlamagynyň 70 ýylynyň döwründe döwlet guramalary hem-de dünýäniň ýurtlarynyň raýat jemgyýetleriniň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda her bir çaganyň doly derejeli ösüşini we onuň mümkinçilikleriniň açyp görkezilmegini şertlendirýän amatly gurşawyň döredilmegine ýardam berýär.

Çärä gatnaşyjylar çagalaryň her bir ýurduň guwanjydygyny we geljegidigini nygtap, Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen täze müňýyllygyň umumy maksatlarynyň, wezipeleriniň durmuşa geçirilimeginiň bähbidine ýola goýýan hyzmatdaşlygynyň has-da üstünlikli ösdüriljekdigine ýnam bildirdiler. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Wise Premýer Ministrini Kabul Etdi

syrach

Gökdere ýaş dynç alyjylary.

syrach

“Döwletliler köşgündäki” çagalar Täze ýyl bilen gutlandy.

syrach