22.3 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda “Suw Damjasy-Altyn Dänesi” Baýramçylygy Dabaraly Ýagdaýda Bellenildi

Türkmenistanda “Suw Damjasy-Altyn Dänesi” Baýramçylygy Dabaraly Ýagdaýda Bellenildi

Türkmenistanda “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy geçirildi. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Garagum derýasynyň kenaryndaky seýilgäh köp sanly çäreleriň merkezine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylary we myhmanlary däbe öwrülen milli tagamlar—täze bişirilen çörekler, pişmeler, çapadylar, külçeler, süýjülikler we miweler bilen garşyladylar.

Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular, suw hojalygynyň weteranlary we öňdebaryjylary hem-de ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bar.

Baýramçylygyň dowamynda, açyk asmanyň astynda Oba we suw hojalyk ministrliginiň dürli edaralarynyň gatnaşmagynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Suw hojalygy boýunça welaýat bölümleriniň sergilerinde suw howdanlaryny biologiýa taýdan arassalamagyň usulyýetini beýan edýän diwarlyklar, gidrotehnika desgalarynyň, häzirki zaman suwaryş ulgamlarynyň şekilleri, serişde tygşytlaýjy enjamlaryň – ýagyş suwy enjamlarynyň we damjaly suwaryş ulgamynyň görnüşleri görkezilipdir. Bu enjamlar ulanylan halatynda oba hojalyk ekinleriniň artykmaç yzgarlylygynyň meseleleri çözülýär. Munuň özi bolsa ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagynyň we topragyň şorlamagynyň öňüni alýar. Netijede, ekerançylyk ýerleriniň suwaryş ýagdaýy gowulandyrylýar, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarýar.

Şeýle hem bu sergide soňra açyk suw howdanlaryna goýberilýän dürli balyjaklar bolan kiçi howuzlary görmek hem mümkin. Balyklary köpeltmegiň esasy maksady derýalary laýdan hem-de gamyşdan biologiýa taýdan arassalamak bolup durýar.

Gadymyýetden bäri ekerançylygyň kämil nusgalaryny döredip gelen ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, sahawatly ýaýlalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekipdirler diýlip bellenilýär. Suwdan peýdalanmaga oýlanyşykly çemeleşmäniň asylly däplerine eýermek bilen, häzir Türkmenistanda suw gorlaryny rejeli peýdalanmaga gönükdirilen iri möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar.

Käriziň emeli taýdan ussatlyk bilen guralan hereketli şekilleriniň ýany hem köp adamly boldy. Biziň ata-babalarymyz öz ussatlygy, ugurtapyjylygy hem-de zähmetsöýerligi bilen suwy almagyň täsin usulyny oýlap tapypdyrlar. Olaryň biri hem käriz bolup durýar. Käriz suwy ýygnamak üçin ýerastyndan gazylan ençeme kilometr uzaklyga gidýän akabalardyr.

Bu ýerde Türkmenistanyň baý ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi görkezilipdir. Dabara gatnaşyjylar dünýäniň iň öňdebaryjy öndürijileriniň kuwwatly tehnikalarynyň görnüşleri bilen tanyşmaga hem mümkinçilik tapdylar. Watanymyzyň suw hojalygy ulgamynyň häzirki zaman tehnika binýady yzygiderli doldurylýar.

Derýanyň kenarynda guralan heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň işleriniň sergisi hem gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýaş nesilleri öz surat we grafika eserlerinde, çeperçilik nakgaşlyk önümlerinde, şeýle hem keramika, gobelen önümlerinde, halylarda we zergärçilik önümlerinde türkmen halkynyň gadymdan bäri suwy aýap saklaýyşlaryny hem-de, elbetde, ýurdumyzyň suw hojalygynyň häzirki zaman desgalaryny şöhlelendiripdirler.

Bu ýerde guralan bezegli öýler halkymyza gadym döwürlerden bäri mahsus bolan myhmansöýerlik we güler ýüzlülik bilen myhmanlary türkmen milli nazy-nygmatlary bilen hezzetlediler.

Gözel tebigatyň goýnunda halk sazandalarynyň, bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde dutaryň köňül joşduryjy owazy ýaňlandy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor toparlarynyň çykyşlary baýramçylyga milli öwüşgin çaýdy. Olar paýtagtymyza özleriniň iň gowy çykyşlaryny getiripdirler.

Baýdarka we kanoe gaýyklarynda kürekleýän türgenler hem özleriniň görkezme çykyşlaryny baýramçylyga gatnaşyjylara hödürlediler. Milli oýunlar, göreş, küşt we şaşka boýunça ýaryşlar adamlaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Seýilgähde agaç nahallaryny oturtmak boýunça dabaralar uly many-mazmuna eýedir. Bu çärä gatnaşmak bilen baýramçylyga gelen adamlar Garagum derýasynyň kenarynda gök agaç zolaklarynyň giňelmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular.

Bu baýramçylygyň dürli kärdäki we hünärdäki adamlary – suwçulary we suw tehniklerini, miraplary we mehanizatorlary, tehnologlary we gurluşykçylary birleşdirýändigini bellemek gerek. Bu baýramçylyk gününde ajaýyp däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan önümçiligiň öňdebaryjylarynyň dabaraly ýagdaýda sylaglanmagy hem boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Sungat ussatlarynyň uly konserti baýramçylyga bezeg berdi. Artistler özleriniň aýdym-sazly çykyşlarynda suwa bagyşlanan milli däp-dessurlary içine alýan aýdymlary we sazlary sazlaşykly utgaşdyrmagy başarypdyrlar.

Şu gün tutuş ýurdumyzda “Suw damjasy – altyn dänesi” ählihalk baýramy mynasybetli derýalaryň, akabalaryň we suw howdanlarynyň kenarlarynda, şäherlerdäki we obalardaky seýilgählerdäki suw çüwdürimleriniň ýanynda teatrlaşdyrylan ajaýyp sahnalar we konsertler, sport bäsleşikleri, baýramçylyk gezelençleri boldy.

Degişli makalalar

Daşoguz Welaýatynyň Daýhanlary Gowaça Ekilişine Başladylar

syrach

Türkmenistanlylar Stambulda Raýdaşlyk Jemgyýetini Döretdi

turkmenhabargullugy

Türkmen Türgenleriniň Üstünlikleri

syrach