18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Türkmenistanda giň bäsleşiklik esasynda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, hakyky halk hämiýetliliginiň ýörelgelerini dikeltmek ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi türkmenistanlylaryň Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşýandyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy. 

Hormatly Arkadagymyz şu gün ir säher bilen saýlawa gatnaşanlaryň ilkinjileriniň biri bolup ses berdi. 

Milli Liderimiziň maşgala agzalary– kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow, käbesi Ogulabat eje öz raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin ir sagat 7-de tutuş ýurdumyz boýunça açylan saýlaw uçastoklaryna gelip, ýurdumyzyň şu gün bu ýere gelen beýleki raýatlary bilen bir hatarda ses berdiler. 

Ir säher bilen baýramçylyk görnüşinde bezelen Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň ýany köp adamly boldy, aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu ýerde saýlawçylary mekdebiň müdiri mähirli garşylap, saýlaw uçastogyna girmäge çagyrýar. 

Ýaşuly nesliň saýlawlara gatnaşmagy örän buýsançly wakadyr. Olar ähli asylly işlerde, şol sanda saýlawlara gatnaşmak ýaly özleriniň raýatlyk borjuna jogapkärçilikli çemeleşmekde, jemgyýetiň sazlaşygyny üpjün etmekde, agzybirligi, jebisligi, milli bitewüligi pugtalandyrmakda, Watanymyzyň hakyky watançylaryny terbiýelemek işinde parasatly maslahatçylardyr. 

Munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän däplere ygrarlylygyny görkezýär. Baý durmuş tejribesine eýe bolan ýaşuly nesil, onuň paýhasly durmuş tejribesini çuňňur hormatlamak, möhüm, ykbal çözüji kararlar kabul edilende hormatly ýaşulularyň pikirine uly orun bermek şol däpleriň esasyny düzýär. 

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýaşululara ýüzlenip, döwletimiz we halkymyz üçin uly ähmiýeti bolan meseleleriň uly abraýdan peýdalanýan adamlar bilen maslahatlaşylmagynyň ýurdumyzyň jebisliginiň we gülläp ösüşiniň alamaty bolup durýandygyny nygtady. Sebäbi biziň ata-babalarymyzyň “Iliň güýji –siliň güýji” diýip aýdypdyrlar. 

Belent daglaryň başyndan gözbaş alyp gaýdýan köp sanly çeşmeleriň bir akyma öwrülip, dolup akýan derýalary döredişi ýaly, hormatly ýaşulularyň ýakyn jesbileşip, bir maksada gulluk etmekleri hem mizemez parasatly güýje eýe bolýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan we mähriban halkymyzyň parahatçylykly hem-e bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly maksatnamalara siziň ak pata bermegiňiz we goldamagyňyz bizi has tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly ýaşululara olaryň parasatly maslahatlary bilen ýardam berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň edermen halkymyzyň taryhynyň ähli tapgyrlarynda bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ýaşuly nesil Türkmenistanda ägirt uly hormat we sarpa bilen gurşalandyr diýip belledi. 

Türkmen jemgyýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan şol sütünlerine, olarda ornan durmuşa ukyplylyk we bitewülik netijesinde milletiň ösüşiniň tutuş taryhynyň dowamynda ahlak we demokratik gymmatlyklaryna aýawly garamak—bularyň hemmesi türkmen halkynyň nesilleriniň üznüksiz arabaglanyşygynyň, belent maksatlaryň we ruhy başlangyçlaryň yzygiderliliginiň nyşany bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu taryh döredijilikli durmuşyň täze tapgyryna gadam basýar, onuň baş maksady adamlaryň bagtyýarlygydyr we abadançylygydyr. 

Milli Liderimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow we käbesi Ogulabat Berdimuhamedowa 48-nji saýlaw uçastogynda ses berdiler, bu uçastokda bir orna Köpetdag etrabynyň 12-nji we Aşgabat şäheriniň 19-njy saýlaw okruglarynyň hersinden dalaşgärleriň ikisi hasaba alyndy. Munuň özi bäsdeşlik esasynda geçirilýän saýlawlaryň talaplaryna laýyk gelýär we has mynasyp dalaşgäri saýlamaga mümkinçilik berýär. Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk bölüminiň esasy hünärmeni G.Gurbanmyradow, Aşgabat şäheriniň 75-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň fizika mugallymy S.Täçmämmedowa, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň esasy hünärmeni M.Esenow we Aşgabat şäheriniň 7-nji “Altyn nesil” çagalar bagynyň terbiýeçisi A.Gulmyradowa bar. 

Mälikguly Berdimuhamedow öz konstitusion hukugyny berjaý etmek bilen Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň sowallaryna jogap berdi. Ol demokratik ýörelgeleriň esaslarynyň biri hem saýlawlardyr, halk maslahatlarynyň agzalygyna öz işine ak ýürek bilen çemeleşýän, türkmen halkynyň iň wepaly wekilleri, ildeşlerimiziň arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan adamlar dalaşgärlik edýärler. Mundan başga-da, saýlawlar ulgamy demokratik döwletiň esaslarynyň biri bolup durýar diýip, ol nygtady. 

Biziň ýurdumyzda saýlawlar Geňeş agzalarynyň saýlawlaryndan başlap, Prezidentiň saýlawlaryna çenli dabaraly, baýramçylyk ýagdaýynda geçirilýär, munuň sebäbi bolsa ýurdumyzyň okgunly ösüşi we durnukly syýasy ýagdaýdyr. Ykdysadyýet barada aýdanymyzda bolsa, soňky döwürde onuň ösýändigini iri halkara maliýe düzümleriniň wekilleri hem tasyklaýarlar. Soňky ýyllarda jemi içerki önümiň ösüşi 11 göterimden hem geçdi. Eger-de biziň ýurdumyzyň ykdysadyýeti ählumumy ykdysady çökgünlik döwründe şeýle depginler bilen ösýän bolsa, halkymyzyň eşretli döwürde ýaşaýandygyny ynam bilen aýtmak bolar. 

Ykdysadyýetiň pugtalanmagy bilen halkymyzyň abadançylygy hem ýokarlanýar. Muny bolsa Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatynyň durmuşa ornaşdyrylýandygy hem-de halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygy bilen düşündirip bolar. Biziň Watanymyz gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň üýtgewsiz ýokarlanmagyny üpjün edýän ýurda öwrülýär. Umuman aýdanymyzda, şeýle ösüş diňe bir geçen ýyllarda däl-de, şu ýylda hem güýçli depginde dowam edýär. Ýaňy-ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň geçen on aýda gazanan netijelerine garaldy, olar bolsa her bir pudakda uly üstünliklere ýetilendigini aýdyň görkezýär. Bular ýöne ýerden bolýan zat däl. Munuň aňyrsynda adamlaryň her günki döredijilikli zähmeti, döwletimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty bardyr. 

Tutuş şu ýylyň hem oňat görkezijiler bilen tamamlanjakdygyna ynanýaryn. Bizi begendirýän zatlaryň ýene biri hem senagat düzümleriniň ösdürilýänligidir, gazy gaýtadan işleýän kärhanalary, zawodlary hasaba almak bilen iri desgalar gurulýar. Olar dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ösen senagatly döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu zatlar ýöne ýerden bolanok, bu döwlet bilen halkyň güýjüniň bir ýere jemlenmeginiň netijesidir. 

Indi şu günki saýlaw barada aýdanymyzda, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalaryna saýlawlar öňki saýlawlarda bolşy ýaly, örän guramaçylykly ýagdaýda geçýär. Bu diňe bir biziň etrabymyzda däl, eýsem, tutuş ýurt boýunça şeýle ýagdaýda geçirilýär. Saýlawlarda bir agzanyň ornuna iki, üç ýa-da ondan hem köp dalaşgäriň görkezilmegi bu möhüm çäräniň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Dalaşgärleriň dürli ýaşly bolmagy, dürli kärdäki adamlar bolmagy, iň esasy zat bolsa dürli partiýalara wekilçilik etmekleri biziň ýurdumyzda milli demokratiýanyň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär diýip, Mälikguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, dalaşgärlere hoşniýetli arzuwlar beýan edilip, saýlaw toparlarynyň agzalaryna bolsa bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde üstünlikler arzuw edildi. 

* * *


Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen saýlawlarda eýýäm günüň birinji ýarymynda saýlawçylaryň aglabasy iň mynasyp dalaşgärlar üçin öz seslerini bermek bilen raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň tamamlanan pursatynda ähli welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça tutuşlygyna saýlawçylaryň umumy sanyndan 92,76 göterimi ses berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berilmegine görä, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip hasap edildi. Ýakyn wagtda ses bermegiň gutarnykly jemleri yglan ediler. 

Saýlawlary geçirmegiň ähli tapgyrlaryna milli synçylar doly gözegçiligi amala aşyrdylar. Olar geçirilen saýlawlaryň tapawutly aýratynlygynyň giň bäsdeşlik,doly açyklyk we aýanlyk bolup durýandygyny bellemek bilen, olara ýokary baha berdiler. 

Ýerlerde berlen sesleri jikme-jik sanamak işleri dowam edýär, ýöne eýýäm bitewi we jebis türkmen halkynyň hakyky halk häkimiýetliligi üçin nobatdaky gezek ses berendigini ynam bilen tassyklamak bolar. Ol ýörelgeler bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgewsiz we yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirýän iri möçberli özgertmeleriniň demokratik esaslary bolup durýar.

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

turkmenhabargullugy

Stambulyň Ilaty Ilkinji Gezek Azaldy