11.9 C
Aşkabat
16.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisinde Daniýa Patyşalygynyň Parlamentiniň deputaty, Daniýanyň ÝHHG-daky Parlament Assambleýasynyň wekiliýetiniň başlygy jenap Peter Ýuel Ýenseniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine ýola goýulýan giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýerýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmekde Mejlisiň alyp barýan işi duşuşygyň esasy meselesi boldy. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň utgaşýan Türkmenistan demokratik edaralaryň ösüşine, halk häkimiýetlilik esaslarynyň berkidilmegine we milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň blen baglylykda, abraýly halkara guramalary, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Wekiliýetiň baştutany Daniýa Patyşalygynyň Parlamentiniň düzümi we onuň işi bilen tanyşdyryp, iki ýurduň parlamentarileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurt üçin hem gyzyklanma bildirilýän kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, has ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada aýdyldy.

Şeýle hem myhmanlar saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi we türkmen-daniýa gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşuşygy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Çölleşmäge Gözegçiligiň Milli Ulgamy