14.9 C
Aşkabat
15.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hoşniýetlilik we raýdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Daşary işler ministrligi Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde beriljek azyk önümleriniň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge,degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bolsa azyk önümlerini taýýarlamakda, olary ibermekde hem-de guramaçylykly gowşurmakda Daşary işler ministrligine ýardam bermäge borçly edildi.

* * *

Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary sylaglamak dabaralary geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryna 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamagy üpjün etmäge borçly edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly
bilen sylaglamak hakynda

1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli karar edýärin:

1) Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

2) «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmagyň Tertibini tassyklamaly.

Sylaglanylanlaryň sanawy aýratyn kitap görnüşinde çykarylar.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 75 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hem-de beýik Ýeňşi hormatlamak we dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Teswirnama çözgüdini göz öňünde tutup, karar edýärin:

Şulary tassyklamaly (goşulýar):

1) «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Yeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Düzgünnamany;

2) «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmak hakynda Gollanmany;

3) «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Yeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalynyň şahadatnamasynyň nusgasyny.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

* * *

Mukaddes Oraza aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi, oňa laýyklykda, mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegi berilýär. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna goňşy ýurda azyk önümlerini muzdsuz bermek tabşyryldy.

Bu hoşmeýilli we sogaply çäre Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şol ýörelgeler bolsa, milletimiziň durmuşynyň esasyny düzýär hem-de hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Oraza aýyna däplerine halkymyzda arassalanmagyň, sogaply we asylly işleriň döwri hökmünde uly sarpa goýulýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmenleriň milli häsiýetiniň aýratynlygy bolan ynsanperwerlik, ýagşylyga ynanmak, ýakynyňa kömek bermäge taýýar bolmak ýaly ýörelgeler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, milli Liderimiziň şahsy göreldesi netijesinde çuň many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Türkmenistan asyllylyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly köpasyrlyk däplere eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge, parahatçylykly durmuşy berkarar etmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz goňşy döwletiň halkyna yzygiderli kömek bermek bilen, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de medeni- ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

Türkmenistan hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda dostlukly ýurduň halkynyň elektrik energiýasy hem-de suwuklandyrylan gaz bilen ýeňillikli şertlerde üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar. Ýurdumyzyň hünärmenleri Owganystanyň çäginde dürli maksatly möhüm desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar, ýaşlary okatmakda hem-de işgärleri taýýarlamakda ýakyndan kömek berýärler.

Goňşy döwletleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda alnyp barylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ýaly giň möçberli taslamalary ýatlatmak ýeterlikdir.

Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça strategik taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan —Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) geçelgesini döretmek baradaky täze bilelikdäki taslamanyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu geçelge diňe bir sebitiň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropanyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik bermelidir.

Owganystanyň çäginde deňiz ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi Türkmenistanyň çägi arkaly dostlukly döwleti Ýewraziýa kontinentiniň giň geoykdysady giňişligi bilen birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri ulag-kommunikasiýa taslamalary Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmaga, tutuş sebitiň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýda durnukly ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant bolar.

Netijeli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk owgan ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösmegine, möhüm ähmiýetli durmuş meseleleriniň, şol sanda ilatyň iş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Bu babatda Hökümetara türkmen-owgan toparynyň işi hem-de hususy işewürlik ugry boýunça işjeň gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi milli däp-dessurlaryny aýawly saklaýan halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagynyň möhüm şertleriniň biridir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirýän parahatçylykly we açyklyk syýasaty iki döwletiň arasynda ähli ugurlarda dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam edýär.

Degişli makalalar

Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň Ýurtlary Bilen Hyzmatdaşlygy Giňeldýär

Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Ilçisi Işe Başlady

syrach

Türkmenistan Bitaraplygynyň 18 ýyllygyny belleýär.

syrach