27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

“Türkmennebitönümleri” Ulgamynda-Mary Welaýatynda Täze Desga Ulanyşa Girizildi

Mary welaýatynyň çäginde «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Baýramaly kärhanasynyň täze desgasy ulanyşa girizildi. Desga Mary welaýatynyň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Iki gatly bina 7 gektardan gowrak meýdanda ýerleşdi.

Kärhananyň iri önümçilik desgalarynyň biri bolan awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy Aşgabat-Türkmenabat demir ýolunyň ugrunda ýerleşdi. Estakadanyň taslama kuwwatlylygy bir wagtda nebit önümli 9 wagona hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän desga döwrebap tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde çalgy materiallaryny saklamak üçin ýörite otag göz öňünde tutuldy. Ol ýerde bir wagtyň özünde her biri 200 litr göwrümli 100-e çenli çelekleri ýerleşdirmek bolýar.

Kärhananyň çäginde nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenilen 26 awtoulaga niýetlenilen garaž bar. Ol awtoulaga tehniki serwis hyzmatyny geçirmek üçin häzirki zaman ulgam bilen enjamlaşdyryldy.

Baýramaly kärhanasy Garagum, baýramaly etraplarynyň ilatyna we guramalaryna hyzmat edýär, şeýle hem awtomobillere ýangyç guýujy 14 sany bekedi nebit önümleri bilen üpjün edýär. Olaryň aglabasy magistral ýoluň ugrunda ýerleşýär.

Täze desganyň ulanyşa girizilmegi önümleriň sarp edijilere iberilýän möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Degişli makalalar

Milli howa ulgamynyň üsti täze häzirki zaman uçar bilen ýetirildi.

syrach

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetinde Robotlaryň Bäsleşigi Geçirildi

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Wekilleri Bilen Duşuşyk