24.1 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň Aragatnaşyk Ulgamlarynyň Üznüksiz Işlemegini Üpjün Eder

“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň Aragatnaşyk Ulgamlarynyň Üznüksiz Işlemegini Üpjün Eder

Ýakyn günlerde Aşgabatda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň möhüm düzüm bölegi aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr.

“Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy bolmak bilen, ähli tapgyrlarda olary guramaga gönüden-göni we işjeň gatnaşýar. Kompaniýa birnäçe maglumat we kommunikasiýa hyzmatlaryny, şol sanda fiksirleme we öýjükli aragatnaşygy, maglumat binýadynyň ulgamyny we Internet elýeterliligini hem-de maglumatlaryň geçirilmegini, WI-FI, ykjam telefonlar üçin sim-kartalary hödürleýär.

“Türkmentelekom” Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän halkara, şäherara we ýerli aragatnaşygy üpjün edýän operatordyr. Koimpaniýa 40-dan gowrak daşary ýurt operatorlary hem-de aragatnaşyk kompaniýalary bilen işleýär. Mundan başga-da, kompaniýa Türkmenistanda dürli sport guramalaryna hem-de çärelere hemaýatkärlik goldawyny berýär. Hususan-da, “Türkmentelekom” “Altyn asyr” futbol toparynyň hemaýatkäri bolup çykyş edýär.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlaryna we oňa gatnaşyjylara ýokary hilli häzirki zaman Internet hyzmatlaryny, ýerli telefon aragatnaşygynyň, öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny, WI-FI hödürlemek üçin hemme zerur bolan enjamlar oturdyldy.

Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan “ashgabat2017.gov.tm” we “ashgabat2017.com” ýöriteleşdirilen Internet-portallarynyň işlemegi üpjün edilýär. Şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanylan poçta markalary çykaryldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

syrach

HYY we ÖU-niň Talyplary Robot Tehnikasy Boýunça Abraýly Halkara Bäsleşiginde Ýeňiş Gazandylar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi