19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Ýurdumyzyň Awiamodelçileri Güýçlini Kesgitlediler

Aşgabadyň golaýynda 2020-nji ýylyň ilkinji awiamodel ýaryşlary: uly ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty we ýetginjerkleiň arasynda milli birinjilik geçirildi.

Ýaryşy awiamodelçiler – planerleriň radiodolandyryşly modelleri bilen çykyş edýän türgenler açdylar. Sport ussatlarynyň dördüsi ýurdumyzyň çempiony adyny almak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşa gatnaşanlaryň modelleri uçup, soňra ýerden dolandyrylýan planer howa akymynda 8 minut gaýyp, bellenilen nokada gonýardylar. Uçuşyň dowamlylygyna we modeliň takyk gonuşyna görä utuk berilýärdi.

Tizligi sekuntda 8-10 metre ýetýän güýçli şemal bäsleşigi kynlaşdyrdy, oňa gatnaşýanlaryň käbiri muňa taýyn däldi. Bu bäsleşikde sport ussady, Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony Sähet Kulyýew öňe saýlandy, ikinji orny awiamodelizm weterany, sport ussady Sergeý Obrassow, üçünji ýeri Rafael Mustafin eýelediler.

Ýaryşyň indiki tapgyrynda Ahal we Mary welaýatlarynyň, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat aeroklubynyň awiamodelçiler gurnaklarynyň wekilleri bäsleşdiler. Ýaşajyk awiakonstruktorlar rezin dwigatelli planerleri we modelleri, şeýle hem uçarlaryň radiodolandyryşly nusgalaryny hem-de özboluşly modelleri uçurdylar.

Ýetginjekleriň arasynda paýtagtymyzdaky aeroklubyň wekili Kerim Nazarow ynamly ýeňiş gazandy. Rezinmotorly modelleriň arasynda iň ýaşajyk awiamodelçileriň biri, aşgabatly mekdep okuwçysy Ruslan Awetisow ýeňiş gazandy.

Awiamodelçi Igor Feld hemmäni haýrana goýdy. Ol ýokary pilotaž elementlerini ýerine ýetirýän reaktiw uçaryň radiodolandyryşly modelini ýasapdyr. Awiamodelçi Gajy Tuçkusyň «Uçýan ganat» modeli has üýtgeşikdi. Türkmenistanyň goja awiamodelçileriniň biri Myrat Ataýew Ýak-18 uçarynyň radiodolandyryşly modelini görkezdi.

Ýaryşyň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere diplomlar hem sowgatlar, Goranmak minsitrliginiň Aşgabat aeroklubynyň toparyna bolsa göçme kubok gowşuryldy.

Marina AWETISOWA
Surata düşüren: Wladimir KOMAROW
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkiýä Respublikasynyň Malatýa Şäheriniň Inönü Uniwersitetinde Talyplarymyz Nowruz Baýramy Mynasybetli Baýramçylyk Çäresi Geçirdi

Sebitiň Çöllük Ekologik Ulgamy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň Sanawyna Girizilmäge Hödürlenilýär

Türkmen Kikboksçylary Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşa Taýýarlyk Görýärler

syrach