20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Ýurdumyzyň Telekeçilik Birleşmesiniň Wekilleri Oba Hojalyk Ekinleriniň Eksportuny Artdyrýarlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýanwar-fewral aýlarynda 6,5 müň tonna pomidor, 3,6 müň tonnadan gowrak däneli-kösükli ekinleri, 76 tonna bakja we gök ekinlerini, şeýle hem 180 tonnadan gowrak süýji-köke önümlerini eksport etdiler.

TSTB-niň oba hojalyk bölüminiň maglumatlaryna laýyklykda, «gök ekinleriň» eksportunyň möçberi 2020-nji ýylyň iki aýynda tutuş 2017-nji ýylda iberilendäkiden hem köp boldy.

Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw we oba hojalyk önümçiliginde toplanan tejribe netijesinde oba hojalyk önümini hususy öndürijiler diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem ekarançylyk önümleriniň eksportuny-da artdyrýarlar.

Üç ýylyň dowamynda daşary ýurtlara iberilen oba hojalyk ekinleriniň möçberi bäş esse artdy. Şu döwürde eksporta jemi ABŞ-nyň 68 million dollaryna barabar 72 müň tonna önüm ugradyldy.

2019-njy ýylyň jemi boýunça daşary ýurt bazarlaryna 40 müň tonna golaý ter hem-de gaýtadan işlenilen görnüşde däneli-kösükli, gök ekinler we miweler iberildi.

Türkmen telekeçileri oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar. Ýyladyşhana hojalygyny ösdürýärler, oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzüm ekmek üçin suwlandyrylýan täze ýerleri özleşdirýärler.

Diňe ýylboýy pomidor ýetişdirmäge ýörüteleşdirilen ýyladyşhanalary gurmak üçin geçen ýylkydan iki esse köp meýdan – 300 gektar golaý ýer bölünip berildi. Geçen ýyl Owganystana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa Federasiýasyna ABŞ-nyň 23 million dolaryndan gowrak 21 müň tonnadan gowrak pomidor ugradyldy.

Däneli-kösükli ekinleriň iberilişi-de ep-esli artdy. Üç ýylyň dowamynda olaryň eksportunyň möçberi ençeme esse köpeldi. Şol döwürde bakja we gök ekinleriň eksporty iki ýarym, üzümiň eksporty 7 esse ýokarlandy.

Şu ýyl hususy pudagyň gök we bakja ekinlerini Ýewropa Bilelleşigi ýurtlaryna ugradyp başlamak göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Туркменистан ведет подготовку к проведению Первого Каспийского экономического форума

turkmenhabargullugy

Türkmen-Koreý Işewürler Geňeşiniň Mejlisi Geçirildi