01.12.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiokerosini, awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta-süýümi, pagta galyndylary ýerlenldi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 514 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 1 million 290 müň manatlygagolaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 1 million manatlyk azyklyk bugdaý, nebit bitumyny satyn aldylar.

Degişli makalalar

Ýaşlar Guramasynyň Ýanyndaky Çagalar Gaznasynyň Işjeňleri Çagalary Goramagyň Halkara Güni Mynasybetli Ynsanperwerlik Çäresini Geçirdiler

Kompozitor Nury Muhadowyň Doglan Gününiň Şanly Senesine

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi