28 C
Aşkabat
02/08/2020
DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Halkara Sergisinde Türkmenistanyň Dokma Pudagynyň Gazananlary Görkezildi

Paýtagtymyzda her ýylda ýurdumyzda bellenilýän Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän iri pudaklaýyn gözden geçiriliş — “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy ösüşiň täze tapgyrynda” atly halkara sergisi üstünlikli geçdi.
 
Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly senagat pudaklarynyň biriniň zähmetsöýer işgärleriniň hormatyna bellenilýän hünär baýramçylygy däp bolşy ýaly, iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde geçirilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli duşuşyklar we sergiler, dürli bäsleşikler hem-de aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Dokma kärhanalarynda geçirilen önümçiligiň öňdebaryjylaryny  tikinçileri we dokmaçylary, eli hünärli ussatlary sylaglamak dabaralary döwletimiziň olaryň işine hem-de hyzmatlaryna goýýan uly hormatynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
 
Ýurdumyzyň dokma senagaty häzirki döwürde gaýtadan işleýän pudagyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini äşgär görkezýär. Pagta egriji, dokma, örme, tikinçilik we ýüpekçilik ýaly önümçilik düzümlerinde onlarça müň türkmenistanlylar zähmet çekýär. Olar dünýä bazarynda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen bäsleşik etmek arkaly ýokary hilli harytlary öndürýärler. Türkmen dokma önümleri ekologiýa taýdan arassa çig maldan dokalan hakyky matalara uly sarpa goýýan  sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar. 
 
Dokma senagaty ministrligi hem-de Söwda- senagat edarasy tarapyndan geçirilýän halkara sergisi dünýäniň dokma işewürleriniň toparlarynda uly gyzyklanma döredýär, olar üçin türkmen bazary netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bähbitlidir hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny saýlap almak üçin bu ýerde döredilýän mümkinçilikler bilen özüne çekiji bolup durýar. Aşgabatda geçirilýän dokma sergisine dünýäde belli kompaniýalaryň,  önüm öndürijileriň, söwda şereketleriniň we moda senagatynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy onuň ýokary abraýa eýediginiň subutnamasydyr.   
 
Häzirki sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlarynyň  düzümi Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden iri kompaniýalaryň hem-de kärhanalaryň 60-a golaýy munuň aýdyň mysalydyr. Düzgün bolşy ýaly, sergä yzygiderli gatnaşýanlaryň hatarynda biziň däbe öwrülen hyzmatdaşlarymyz, dokma desgalaryny gurmakda netijeli gatnaşyklaryň uly tejribesine eýe bolan “Kotam Enterpraýzis”, “Engin grupp”, “Norsel International”, “Gap Inşaat” ýaly  türk kompaniýalary, şeýle hem önüm öndürijiler hem-de ýokary tehnologiki enjamlary we serişdeleri getirýänler “Truetzschler”, “Saurer Schlafhorst”, “Volkmann” (Germaniýa), “Picanol” we “Van de   Wiele” (Belgiýa), “Uster”, “Luwa”, “Rieter AG” (Şweýsariýa), “Marzoli”, “Savio”, “MСS”, “Itema”, “Сanalair” italýan kompaniýalary önümlerini görkezdiler.  
 
Wekiliýetleriň düzüminde ýurdumyza Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Ukrainadan, Belgiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden iri dokma kärhanalarynyň we söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri geldiler. Munuň özi bu ulgamda ýurdumyz  bilen  özara gatnaşyklary giňeltmek islegi bilen şertlendirilendir. 
 
Serginiň hormatly myhmanlarynyň hatarynda dünýä belli russiýaly dizaýnerler, ýokary modanyň ussatlary  türkmen halkyny täze modalary bilen ençeme gezek begendiren Walentin Ýudaşkin hem-de Türkmenistana ilkinji gezek gelen Daşa Gauzer bar. 
 
Köpugurly sergi Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda guraldy. Şu gün bu ýerde bagşylaryň ýerine ýetirmeginde  türkmen halk aýdymlarynyň owazyna beslenen baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär.
 
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri   gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda  tanymal dokmaçylar we önümçiligiň öňdebaryjylary bar.  
 
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda şu pudaklaýyn serginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzy dokma pudagynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigi nygtalýar we serginiň pikir alyşmak, özara gyzyklanma döredýän meseleleriň çözgüdini bilelikde gözläp tapmak üçin oňat meýdança boljakdygyna ynam bildirilýär. 
 
Giň gerimli sergi ýurdumyzda öndürilýän köpdürli dokma önümlerini öz içine aldy. Dürli öwüşginli we özboluşly görnüşde bezelen diwarlyklarda dokma önümçiliginiň ähli ugurlary görkezilýär. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, hili hem bezegi boýunça daşary ýurtlarda öndürilýän harytlardan pes bolmadyk, ýokary hilli çig maldan taýýarlanan ýüplükler, pagtadan we ýüpekden taýýar önümler sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Pagta süýümi, nah ýüplük hem-de matalar, çagalar we ulular üçin taýýar tikin hem-de örme önümleri, jinsi egin-eşikleriniň dürli görnüşleri, öýde ulanylýan dokma önümleri, pagta we kosmetiki serişdeler görkezildi.
 
Sergide nah ýüplükleriň we matalaryň dürli görnüşleri, olardan taýýarlanan lybaslar, öý hojalygynda ulanylýan dokma önümleri: ýorgan-düşek toplumlary, hammam üçin toplumlar we aşpezlik esbaplary, tüýjümek matadan önümler, şeýle hem lukmançylyk pamygynyň nusgalary we kosmetika pamyk serişdeleri görkezilýär. 
 
Dürli reňkde öwüsýän panbarhat matalar, milli keteni hem-de ondan taýýarlanan lybaslar serginiň aýratyn bezegine öwrüldi. Bu ýerde elde dokalan ýüpek halylar, ýüpekçilik pudagy üçin esasy çig mal bolan pile, milli we häzirkizaman aýal-gyzlar üçin lybaslar, nepis nagyşly el işleri,  sowgatlyk önümler sergä gelýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. 
 
Gadymy usullarda ýasalan tara  daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi, çeper elli zenanlar bu enjamda keteni matasyny taýýarlamagyň usullaryny görkezdiler. 
 
Sergini guraýjylar örme-tikin  önümlerine aýratyn üns berdiler. Olar tomus möwsümine dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen egin-eşikleriň täze nusgalaryny taýýarladylar. Aýratyn guralan diwarlyk ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanan, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary tikilen egin-eşikleriň nusgalaryna bagyşlandy. 
 
Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet milli sirkiniň “Galkynyş” toparynyň ýaş artistlerine şatlyk duýgusy bilen el çarpdylar. Bu toparyň agzalary  tans-akrobatik maşklary ýerine ýetirip, güýç-gaýraty, çeýeligi we gözelligi görkezdiler.
 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmak bilen, dokma pudagynyň ähli ugurlaryny innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürmegi, diňe bir içerki bazary daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan halkara ölçeglerine laýyk gelýän dokma önümlerini ibermegiň möçberlerini artdyrmagy ugur edinýär.
 
Toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, köp möçberde maýa serişdeleriniň goýberilmegi netijesinde, pudagyň önümçilik kuwwaty häzirki wagtda 70-den gowrak kärhanany, şol sanda dürli görnüşli önümleri çykarýan häzirki zaman toplumlary we fabrikleri öz içine alýar. 
 
Dokma toplumlarynyň her biriniň ýanynda hereket edýän synag önümçilikleriniň binýadynda modelleşdirmek hem-de bezeg boýunça mekdepler üstünlikli ösdürilýär, olar milli çeper we bezeg däplerini döredijilikli baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Aşgabadyň modalar öýüniň dizaýnerleriniň we “Gülzaman” hususy moda salonynyň hünärmenleriniň işleri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem bellidir.
Türkmen gyzlarynyň abraýly ýokary moda gözden geçirişlerinde görkezýän panbarhatdan, keteniden we beýleki milli  öwüşginli matalardan taýýarlanan lybaslary daşary ýurtly bilermenlerde uly täsir galdyrýar. Biziň dizaýnerlerimiziň işleri milli lybaslaryň gadymy aýratynlyklary bilen häzirkizaman meýillerini utgaşdyrmakda döredýän egin-eşik toplumlary diňe bir türkmen dokma önümlerini mahabatlandyrmagyň usuly bolmak bilen çäklenmän, beýleki önümlerden aýratyn tapawutlanýan milli lybaslaryň ýokary hilini görkezýär.
 
Biziň ýurdumyzyň Milan şäherinde guralan “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisine, Izmir şäherinde geçirilen 84-nji halkara sergi-ýarmarkasyna öz uly sergi bölümi bilen gatnaşmagy ýurdumyzyň dokmaçylary üçin ähmiýetli waka boldy.    
 
Dürli öwüşgine beslenen şüweleň– ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň  dizaýnerleri  tarapyndan işlenip taýýarlanan egin-eşikleriň täze görnüşleriniň görkezilmegi serginiň açylyş dabarasynyň resmi böleginiň ornuny tutdy. Göze gelüwli çaga egin-eşikleri, özboluşly örme hem-de örülen nusgalar we elbetde, ýüpekden, mahmaldan hem-de keteniden taýýarlanan, milli nagyşlar bilen bezelen täsin lybaslar, şeýle hem milli kümüş bezegleri bilen bezelen toý lybaslary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. 
 
“Walentin Ýudaşkiniň modalar öýüniň” – dünýä belli modaçynyň nusgalarynyň görkezilmegi täze lybaslaryň dürli öwüşginli baýramçylygyny tamamlady.  Meşhur ussat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurduň ýeňil senagatynyň ösdürilmegine netijeli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn sagbolsun aýtdy. Halkara pudaklaýyn sergi dokma senagatynyň ösdürilýändigini äşgär etdi. 
 
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklary ýola goýulýar. Şol sanda dokma pudagynda, moda işewürliginde gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Walentin Ýudaşkin döwlet Baştutanymyzyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Arşyň nepisligi”  atly kitabynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Myhman bu kitaby ýany bilen Russiýa alyp gitmek bilen türkmen halkynyň bahasyz milli gymmatlygynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegi ugrunda ähli tagallasyny etjekdigini nygtady.
 
Gözden geçirilişiň çäklerinde pudagyň ussat işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna milli Liderimiz Gurbannguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 
 
Serginiň işewür bölümi hem örän netijeli we manyly boldy. Dokma pudagynda täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ony ösdürmegiň uly geljeginiň bardygy, ählumumy gyzyklanmalary nazara almak bilen, pudagyň  bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi. Daşary ýurtly kompaniýalaryň, şol sanda dürli pudaklar üçin lybaslary taýýarlamakda Germaniýanyň “Messe Frankfurt” iri sergi operatorynyň we Russiýanyň “BTK grupp” holdinginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen bolan gepleşikleriň barşynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 
 
Nah ýüplüklere, matalara,  taýýar örme we tikin önümlerine Russiýanyň bazarynda, aýratyn-da, Iwanowo oblastynyň dokma pudagynyň lomaý kärhanalarynda uly isleg bildirilýändigi barada aýdyldy. Myhmanlar üçin şeýle hem dokma pudagynyň  paýtagtymyzda ýerleşýän kärhanalaryna  tanyşdyryş gezelençleri guraldy. 
 
5-nji iýunda  serginiň işiniň jemleýji gününde ýurdumyzyň zehinli ussatlarynyň arasynda däp bolan “Çeper eller” bäsleşigi geçirildi. Onuň barşynda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin lybaslaryň toplumy”,  “Baýramçylyk lybaslarynyň toplumy”, “Gündelik durmuşdaky lybaslaryň toplumy” ýaly ugurlar boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 
 
Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkara çäresiniň üstünlikli geçirilmegine ýardam berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdylýar. 

Degişli makalalar

Galla Baýramy Mynasybetli Dabaralar

syrach

Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýärler

syrach

Seýdiniň Nebti Gaýtadan Işleýän Zawody Ýyllyk Tabşyrygy Artygy Bilen Ýerine Ýetirdi

turkmenhabargullugy