01.12.2025
SPORT

Türkmen päliwanlarynyň ýeňişleri

Halkara ýetginjekler bäsleşiginde türkmen päliwanlary grek-rim göreşi boýunça geçirilen ýaryşda 6 sany medal mynasyp boldular. Ýaryş Anapa şäherinde geçirilip, oňa Türkmenistandan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan we Russiýanyň 25 sebitinden wekiller gatnaşdylar.

Türkmen toparynda U.Durdyýew 42 kilograma çenli bolan agram kategoriýada iň ýokary netije gazanyp ýeňiji boldy. Şeýle hem 32 kilograma çenli bolan agram kategoriýada A.Rahmanow, Ý.Kürräýew (35 kg çenli), A.Orazow (41 kg çenli), J.Öwezdurdyýew (47 kg çenli) we A.Kürräýew (56 kg çenli) bürünç medalyň eýeleri boldylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň Nyşany Dünýäniň Iň Beýik Depeleriniň Biri – Abu Ali İbn Sina Nokadyna Çykaryldy

Ýurdumyzyň çempionatynyň ýedinji tapgyry badalga aldy.

syrach

Türkmen Türgenleri Halkara Ýaryşlarda 23 Medal Gazandylar