26.9 C
Aşkabat
02.08.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, azyklyk bugdaý, pagta ýagy, nah ýüplük we mata, nah ýüplügiň galyndylary satyldy. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Niderlandlaryň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 336 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 700 müň manada barabar bolan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Goşun Generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk Etmeginiň Çäklerinde Halkara Çärelerine Taýýarlyk Görülişine Garaldy

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Ösüşiniň Täze Tapgyryna Gadam Basdy