24.9 C
Aşkabat
03.08.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

„Ak pamykly“ palow has tagamly.

Şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna Baýramalynyň ýag kärhanasynda 9 müň 460 tonna ýokary hilli ösümlik ýagy we 60 tonna hojalyk sabyny öndürildi.

Geçen ýylky döwür bilen deňeşdireniňde kärhananyň önümçiligi artdy. Önümçiligiň artmagyna welaýatda öndürilýän pagtanyň möçberiniň ösmegi ýardam berdi. Mysal üçin, Murgabyň pagtaçylary geçen ýyl 380 müň tonna gymmatly pagta hasylyny alyp, öz borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Kärhananyň taýýar önümi welaýatyň söwda nokatlaryndan daşary ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem giňden ýaýrandyr. Hususan-da “Ak pamyk ” diýen owadan ýazgyly ösümlik ýagy söwda kärhanalaryna 1 we 5 litr göwrümli plastiki gaplarynda ýaýradylýar. Zenanlarymyz “Ak pamykly ” palow has tagamly bolýar diýip ýöne ýerden aýtmaýarlar.

Mary welaýatynyň beýleki azyk senagaty kärhanalary hem diňe önümçilik borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, ony artykmajy bilen ýerine ýetirip zähmet çekýärler. 

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Dubaýda Türkmenistanyň Nebitgaz Göçme Forumy Başlady

turkmenhabargullugy

Aziýa ugry: strategiki hyzmatdaşlyk ösüşiň täze tapgyryna çykýar

syrach

Aşgabat täze ýyl yşyklary bilen şöhle saçýar.

syrach