Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan Aziada-2017-ä bagyşlanyp gurnalan futbol bäsleşiginiň finaly geçiriler. Final duşuşygy 2017-nji ýylyň 11-nji maýynda sagat 17:00 da başlanar.
Final duşuşygy Türkmenistan döwletimiziň we Niderlandlaryň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiriler.
Futbol bäsleşigine tomaşa etmek hem-de öz ýurdumyzyň ýygyndy toparyna janköýerlik edip futbolçylarymyzy ruhlandyrmak üçin ähli türkmen talyplaryny we myhmanlary çagyrýarys.
Futbol bäsleşiginiň geçiriljek ýeri: Stambul Uniwersitetiniň Deňiz bilimleri we dolandyryşy institutynyň howlusyndaky sport meýdançasy (BEYAZIT)
Habarlaşmak Üçin: Seýit Haknazarow: 0536 448 4478