27.9 C
Aşkabat
18.06.2025
DÜNÝÄ

Türkmenistanda GDA-nyñ Hökümet baştutanlary maslahaty geçirilýär.

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ Hökümet baştutanlary maslahaty geçirilýär.

İki gün dowam etjek maslahata Russiýanyñ Premýer ministri Dimitriý Medwedew, Ukrainanyñ Premýer ministri Nikolaý Azarow, Maldowanyñ Premýer ministri Wladimir Filat, Ermenistanyñ Premýer ministri Tigran Sarkisýan, Täjigistanyñ Premýer ministri Akil Akilow, Gazagystanyñ Premýer ministri Karim Masimow, Gyrgyzystanyñ Premýeri Ömürbek Babanow, Özbegistanyñ Premýer ministri Şewket Mirzaýew, Belarusiýanyñ Premýer ministri Mihail Mýasnikowiç bilen Azerbaýjanyñ Premýer ministri Artur Rasizade gatnaşýar.

Maslahatda gurama agza ýurtlaryñ arasyndaky hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyñ maslahata gatnaşýan lideler bilen duşuşjakdygy nygtaldy.

Maslahatdan öñ beýanat beren Berdimuhamedow Türkmenistanyñ gurama doly agza bolmandygyny, emma gurama agza ýurtlaryñ bähbitleri çäginde iş alyp barýandygyny nygtady. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Orta Aziýanyň Daşary işler ministrleri Bişkekde duşuşdy.

syrach

Ýewro Topary Gresiýa Bilen Ylalaşyk Gazandy

syrach

Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Türkmen Talyplaryna Garaşýar