26.9 C
Aşkabat
02.08.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Nebithimiýa, Dokmaçylyk we Buýan Önümleri Biržanyň Esasy Satylan Harytlary Boldy

Nebithimiýa, Dokmaçylyk we Buýan Önümleri Biržanyň Esasy Satylan Harytlary Boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dürli kysymly awtobenzini we dizel ýangyjyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparynyň wekilleri bolsa tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna pagta ýagy, nah mata we ýüplük, jinsi mata, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Pakistan we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Russiýadan we Şweýsariýadan gelen işewür toparyň wekilleri jemi bahasy 3 million 300 müň manatlykdan gowrak bolan pagta ýagyny we saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 63 müň manatlyk azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Degişli makalalar

Gurluşyk Senagaty Boýunça Halkara Sergisi Öz Işini Tamamlady

syrach

Lebap Welaýaty Magdan Däl Gazylyp Alynýan Gurluşyk Materiallary Bazarynda Eýeleýän Ornuny Berkidýär

Türkmenistanyň VIII Halkara Gaz Kongresiniň Geçiriljek Senesi Yglan Edildi