22.9 C
Aşkabat
27.04.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Magnitogorsk şäherinde ýaşaýyş jaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilikli hadysa zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Degişli makalalar

Aşgabadyň Myhmanlary Üçin Gezelenç Ugurlary

turkmenhabargullugy

ÝHHG-niň seminary aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaklaryna ýardam bermeklige gönükdirilendir

syrach

Merkezi Saýlaw Toparynyň Mejlisinde Saýlawlaryň Gutarnykly Jemleri Jemlenildi