9.9 C
Aşkabat
01.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Kazylarynyň I Maslahaty Geçirildi

paýtagtymyzda Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan, baş ýörelgesi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde ösüşiň belentliklerine hem-de syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ulgamlarda uly üstünlikler gazandy. Ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir.

Häzir rowaçlygyň hem-de gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistan her bir raýatyň azat we mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin goldaw berip hem-de amatly şertleri döredip, adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär. Kazyýet edaralarynyň baş wezipeleri adyl kazyýetliligi amala aşyrmakdan, türkmenistanlylaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan ybaratdyr. Bu ugurdaky ähli işler kanunylygy, adalatlylygy we hukuk düzgün-tertibini berjaý etmäge, hukuk düzgün bozulmalaryna getirýän sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Hasabatlarda «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň ähmiýeti nygtaldy. Bu resminamada kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, adyl kazyýetliligiň we kazyýet önümçiliginiň ýörelgeleri kämilleşdirilýär, adyl kazyýetliligiň açyklygynyň hem-de aýdyňlygynyň ýokary derejesini, kazyýet çözgütlerini milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda adalatly we garaşsyz çykarmagy üpjün etmek boýunça anyk çäreler görülýär.

Şunda bu edaranyň işgärleriniň hünär derejesini hem-de hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda işlenilip taýýarlanylan Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň taslamasy hödürlenildi.

Çykyş edenler adyl kazyýetliligi ýerine ýetirmegiň çäklerinde her bir kazy üçin hünär kadalaryny kesgitleýän hukuk namasynyň ähmiýetini nygtadylar. Hödürlenen resminamanyň taslamasy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan makullanylyp, biragyzdan kabul edildi.

Maslahatda kazylaryň nobatdaky we nobatdan daşary maslahatlaryny çagyrmagyň, geçirmegiň hem-de özüniň ygtyýarlylygyna degişli meseleler boýunça çözgütleri kabul etmegiň tertibini kesgitleýän kazylaryň maslahatynyň Dessury hem kabul edildi.

Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahatyna gatnaşyjylar geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimizi öz borçlaryna jany-teni bilen wepaly bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uly üstünlikleriniň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda durup, mähriban Watanymyza we halkymyza hemişe abraý bilen gulluk etjekdiklerine, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

tdh.gov.tm

Degişli makalalar

Rafael Kompaniýasynyň Täze Hyýaly Kabinasy Söweşijilik Ukyby Artdyrar

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

«Energetik II» «Nebitçi» Toparynyň Ýaşlar Düzüminden Üstün Çykdy