01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Ukrainada mitingler güni.

Üç sany oppozision partiýa tarapyndan mart aýynda başladylan “Aýaga gal, Ukraina” mitingler tapgyrynyň soňkusy paýtagt Kiýewde geçirildi. Ukrainanyň ähli şäherlerinden paýtagta gelen müňlerçe oppozision tarapdar ýurtdaky ykdysady şertleri we gymmatçylygy protest etdi.

Şol bir wagtda ozalky Premýer ministr Ýuliýa Timoşenkonyň tussaglykda saklanmagyny-da protest eden oppozisionerler Timoşenkonyň we beýleki tussaglaryň dessine boşadylmagyny talap etdiler. Oppozisionerler Krym tatarlarynyň Sowet döwründe duçar bolan sürgüni üçin hormatly dymyşlyk etdiler.

Bütindünýä boks çempiony, Ýumruk partiýasynyň ýolbaşçysy Witali Kliçko Krym tatarlarynyň sürgün edilen gününiň 69-njy ýyly sebäpli mitinge gatnaşanlary bir minutlyk hormatly dymyşlyga çagyrdy. Şäheriň beýleki bir meýdanyny eýelän häkimiýet başyndaky partiýanyň nyşanasynda oppozisiýadaky Milletçi azatlyk partiýasy bar.

Hökümet Russiýa we rus diline garşy çykyşlary bilen tanalýan Milletçi azatlyk partiýasyny faşistiklikde aýyplady. Paýtagt Kiýewde bir günde miting guran hökümet we oppozision partiýalaryň tarapdarlarynyň arasynda dartgynlyklar boldy. Wakalar polisiň çäre görmeginde ululmanka gözegçilik astyna alyndy.

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksine Goşmaça we Üýtgetme Girizmek Hakynda

turkmenhabargullugy

Döwrüň Ählumumy Wehimlerine Garşy Hereket Etmekde Tagallalary Birleşdirip

syrach

Gurbanguly Berdimuhamedow: V Aziýa Oýunlary Oňa Gatnaşyjylaryň Düzümi Boýunça-da, Sport Görnüşleriniň Sany Boýunça-da Aýratyn Häsiýete Eýedir

turkmenhabargullugy