16.04.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Döredijilik Höwesimi Artdyrdy

Bagtygül ERNAZAROWA, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyby, 3-nji orun:
— «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň guramagynda geçirilen «Üstünlik gazanmagyň ýollary» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, 3-nji orna mynasyp boldum. Bu bäsleşige gatnaşyp, baýrakly oruna mynasyp bolanyma buýsanjymyň çägi ýok. Şeýle döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, meniň edebiýata, döredijilige bolan höwesimi artdyrýar. «Üstünlik gazanmagyň ýollary» atly döredijilik bäsleşigi ýokary guramaçylykly geçirildi. Emin agzalar eserleriň awtorlaryna mynasyp baha berdiler. Öňe saýlanan eserleriň awtorlary «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň redaksiýasyna çagyrylyp peýdaly maslahatlar berdiler.
Men ýeňiji hökmünde bäsleşigiň hemaýatkärleri «Makul Hyzmat» terjime merkezine hem-de «Aý Sözen Management Consulting» merkezine minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem ýaşlara şonuň ýaly döredijilik bäsleşiklere yzygiderli gatnaşmagy maslahat berýärin!

Çeşme: Atawatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Özbegistan Respublikasynyň Daşary Ykdysady Gatnaşyklar, Maýa Goýum we Söwda Ministri Bilen Duşuşyk

syrach

Türkmenistanyň Dokma Senagatynyň Işgärleri Öz Hünär Gününi Pudak Boýunça Serginiň Açylmagy Bilen Belläp Geçerler

Aşgabatda Talyplar Döredijiliginiň Festiwaly Geçirildi

turkmenhabargullugy