15.01.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Dinozawrlaryň Yzlary

Ýakynda türkmen alymlary A.Nigarowyň, P.Esenowyň hem-de italýan paleontologlary F.Fantiniň, M.Kontessiniň “Ýokary Ýura döwrüniň dinozawrlary: Gündogar Türkmenistanda täze tapylan yzlar” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistanyň çägindäki paleontologiýa tapyndylary” atly ylmy maslahat geçirildi.
Ýurdumyzyň belli alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyş edenler kitabyň dinozawrlaryň aýak yzlaryny ylmy taýdan öwrenmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler. Kitabyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi daşary ýurt alymlaryň hem-de syýahatçylaryň ýurdumyzda ýerleşýän tebigat täsinliklerine bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminde dinozawrlaryň aýak yzynyň gipsden ýasalan nusgasy bar. Ol bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistan Bilen Ulag Gatnaşyklaryny Giňeltmegiň Geostrategiki Ähmiýetini Belledi

«Nurly Meýdan» 100 Düýbe Golaý Limon Ýetişdirýär

Ýokary Derejeli Türkmen-Katar Gepleşikleriniň Netijeleri Boýunça Ikitarplaýyn Resminamalara Gol Çekildi

turkmenhabargullugy