29.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Arkalaşyk güni üçin 52 metrlik süýjülik torty bişirildi.

Arkalaşyk güni üçin 52 metrlik süýjülik torty bişirildi. Azerbaýjanda Prezident İlham Aliýewiň 52 ýaşy we Bütin dünýä azerbaýjanlylarynyň Arkalaşyk güni minasybetli uzunlygy 52 metr bolan süýjülik torty bişirildi. Paýtagt Bakuwdan 20 kilometr alysda ýerleşýän Sumgaýyt şäheriniň işewür adamlary tarapyndan guralan çärede süýjülik tortyny türk aşpezleri bişirdi.

11 tonna agyrlygyndaky tort kesilip halka paýlandy. Ýewropanyň iň uly süýjülik torty hökmünde bellige alynan tortyň bişirilmegi üçin 22 müň ýumurtga, 2,5 tonna un, 2 tonna şeker, 1 tonna süýt, 300 kilogram hozdan şokalada çenli birnäçe önümiň ulanylandygy nygtaldy. 

Degişli makalalar

Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi Işe Başlady

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti VII Bütindünýä Suw Forumynyň Açylyş dabarasyna Gatnaşdy

syrach

Green Card 2021 Sonuçları Açıklandı

turkmenhabargullugy