37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Altyn Asyr II” Ynamly Oýun Görkezýär

Şu gün, 3-nji maýda ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň altynjy tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Altyn Asyr II” “Aşgabat” toparynyň ýaşlar düzümini 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşinden soň 18 utuk toplan paýtagtymyzyň topary ýaryş tertibinde ynamly ýagdaýda birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär.

Türkmenbaşyda ýerli “Şagadam II” topary paýtagtymyzyň “Köpetdagy” bilen duşuşyp, 0:5 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Mary welaýatynda geçirilen duşuşykda ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýeleýän “Merw II” hem-de “Nebitçi II” toparlary güýç synanyşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşykda 2:2 hasabyndaky deňlik hasaba alyndy.

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän çempionatyň 6-njy tapgyry 4-nji maýda “Ahal II” hem-de “Energetik II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen jemlener.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Altyn Asyr II” – “Aşgabat II” – 3:0

Gollar: 65 Sähetberdi Goşşanow, 79 Oraz Orazow, 89 Şamämmet Hydyrow (“Altyn Asyr II”)

“Şagadam II” – “Köpetdag II” – 0:5

Gollar: 3 Ata Gurbanmämmedow, 43 (11 m.j.u) Elýasberdi Berenow, 53 Salim Umarow, 86, 89 Arslan Ýollyýew (“Köpetdag II”)

“Merw II” – “Nebitçi II” – 2:2

Gollar: 5 Myrat Öwezmyradow, 65 Gurbangeldi Allakow (“Merw II”) – 4 Remezan Arazgeldiýew, 80 (11 m.j.u.) Şyhdurdy Amandurdyýew (“Nebitçi II”)

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “ALTYN ASYR II” 6 6 0 0 22-3 18
2. “NEBITÇI II” 6 3 3 0 9-5 12
3. “MERW II” 6 3 1 2 12-12 10
4. “KÖPETDAG II” 6 3 0 3 14-9 9
5. “AHAL II” 5 2 2 1 7-10 8
6. “ŞAGADAM II” 6 1 1 4 5-17 4
7. “ENERGETIK II” 5 1 0 4 5-10 3
8. “AŞGABAT II” 6 0 1 5 6-16 1

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Haryt-Çig Mal Biržasy

TAPI Pipeline Company Limited Kompaniýasy Bilen ILF Beratende Ingenieure GmbH Kompaniýasynyň Arasynda Şertnama Gol Çekildi

Nebit Önümleri Bilen Durnukly we Howpsuz Üpjünçilik