35.9 C
Aşkabat
02.08.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

«Akylly» Sagatlara Isleg Ýokarlandy

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde «akylly» sagatlara isleg ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwründe şeýle sagatlardan 11,4 milliony sargyt edilen bolsa, bu görkeziji şu ýylyň birinji çärýeginde 20 göterim ýokarlanyp, 13,7 milliona ýetipdi. Bazaryň 55 göterimini «Apple» kompaniýasynyň sagatlary emele getiripdir. Amerikan brendi şu ýylyň birinji çärýeginde global bazardan 7,6 million «akylly» sagat alypdyr. Geçen ýyl bu görkeziji 6,2 million bolan eken. «Samsung» kompaniýasynyň sagatlaryndan 1,9 milliony sargyt edilipdir. Bu bolsa, satuwa hödürlenen sagatlaryň 13,9 göteriminiň koreý brendine degişlidigini görkezýär. «Garmin» şereketiniň sagatlaryň umumy satuwdaky paýy 8% bolup, 1,1 million sagat sargyt alypdyr. Beýleki şereketleriň harytlary bazaryň 22,6 göterimini emele getirip, jemi 3,1 million sagat öndüripdir.

Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy we Aziada-2017-niň Nyşany Ýurdumyzyň Iň Belent Nokadynda Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň XX Maslahaty Geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji Ýylyň Döwlet Býujetini Kabul Etdi

turkmenhabargullugy