21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Nebitçi” Toparyna Tehniki Ýeňliş Yglan Edildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäginde Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Şagadam” – “Nebitçi” toparlarynyň arasyndaky oýun myhman toparyň meýdany terk edip gidendigi netijesinde tamamlanyp bilmedi.

Şol sebäpli Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Gözegçilik düzgün-tertip komiteti Balkanabadyň “Nebitçi” toparyna 0:3 hasabynda tehniki ýeňliş yglan etdi.

Ýeri gelende bellesek, “Şagadam” bilen “Nebitçi” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 70-nji minutda myhmanlaryň meýdany terk edip gidendigi netijesinde ýatyryldy. Şol pursat oýun ýer eýeleriniň 3:1 hasabyndaky üstünligi bilen dowam edýärdi.

Şeýlelikde bu tapgyrdan soň 15 utuk toplan “Şagadam” ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçdi. Paýtagtymyzyň “Köpetdag” toparynyň hem 15 utugy bar. Ýöne Türkmenbaşy şäheriniň topary özara görkezijileriniň netijesinde üçünji basgançagy eýeleýär.

18 utukdan toplan «Altyn Asyr» bilen «Ahal» toparlary ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýeleýärler. Ýöne özaralaryndaky duşuşyklaryň netijelerine görä «Altyn Asyr» öňdäki orny eýeleýär. «Ahalyň» garşydaşyna garanyňda bir duşuşygy az geçirendigini ýatladýarys.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyry 23-nji hem-de 24-nji maýda geçiriler: «Aşgabat» – «Energetik», «Nebitçi» – «Köpetdag», «Merw» – «Ahal», «Altyn Asyr» – «Şagadam»

9-njy tapgyr:

«Şagadam» – «Nebitçi» – 3:0 (teh.ýeň.)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

turkmenhabargullugy

Giriş Synaglary Başlandy

turkmenhabargullugy

Birinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi