14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Syýahat Edeýin Diýseňiz!

Gözel paýtagtymyzdan 100 kilometr töweregi günbatarda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Köwata» ýerasty köli özüniň täsinligi bilen köpleri haýrana goýýar. Bu köl baradaky ilkinji ylmy maglumatlar 1856-njy ýylda peýda bolup başlapdyr. 1896-njy ýylda Bäherden demir ýol menziliniň işgärleri tarapyndan gowaga düşmek üçin agaç basgançaklar gurnalypdyr. Şondan bäri hem ol ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň köpsanlysynyň höwes bilen barýan syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Köl suwunyň düzüminde kükürt, ýod, magniý, kaliý, natriý, sulfat, alýuminiý, brom, demir, antimon ýaly himiki elementleriň 38-e golaýy bar. Onuň «Köwata» diýlip atlandyrylmagy hem ýurdumyzdaky gowaklaryň, kölleriň içinde ululygy bilen tapawutlanýandygy üçin bolsa gerek. Onuň umumy uzynlygy 230, giňligi 50 metre barabardyr. Beýikligi 15 metrden 25 metr aralygyndadyr.
Köpsanly çyralar bilen yşyklandyrylan basgançaklaryň 350-si arkaly tebigatyň täsin gözelligine aralaşýarsyň. Gowagyň içi birbada howuňy basaýjak ýaly. Ýöne öwrenişip, ýakymly täsirlere berilýärsiň. Ýeriň aşagynda, dagyň goýnundaky giň meýdany, beýikligi synlap, tebigatyň döreden jadyly dünýäsine haýran galýarsyň. Gowagyň içinden eşidilýän guşlaryň sesi, çogdam bolup üýşen kepderiler ünsüňi çekýär. Ýöremek üçin amatly basgançaklar mineral suwly köle alyp barýar. Tebigy kölüň suwunyň bejerijilik häsiýeti bardyr. Suwuň düzümi dürli minerallara baý. Ol gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, sowuklama, guragyry, böwrek we deri kesellerini bejermekde kömek edýär, merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýar.
Ýerasty kölüň girelgesiniň agzynda dynç almak üçin ähli amatlyklar döredildi. Ol ýerdäki garbanyşhanalarda dürli milli tagamlar taýýarlanylýar. Köpsanly agaç sekiler gojaman Köpetdagyň etegindäki tebigatyň täsin gözelligini synlamaga mümkinçilik berýär.
Türkmen tebigaty göreni haýrana goýýan şeýle täsin ýerlere diýseň baý. Olary aýawly saklap, gorap, geljekki nesillere ýetirmek biziň her birimiziň borjumyz.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

2019-njy Ýylyň Gyş-Ýaz Möwsüminiň Modasy: Trikotaždan we Jinsiden Tiklilen Dürli Reňk Öwüşginli Lybaslar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň DIM-de Türmen-Eýran Hyzmatdaşlygyny Giňeltmegiň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Hem-de 2020-nji “TÜRKMENISTAN-BITARAPLYGYŇ MEKANY” Ýyly Mynasybetli Ylmy Tegelek Stol Geçirildi