15.01.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Türkmennebit» DK «Honghua International Co,. Ltd.» Kompaniýasyndan Buraw Turbalaryny Satyn Alar

«Türkmennebit» döwlet konserni dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Honghua International Co., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Munuň üçin ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Bu resminamanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilenden soň ertesi gün kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Ýaşajyk Zehinleriň 56-sy Gulbaba Adyndaky Baýraga Mynasyp Boldular

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Medeniýet Halkyň Kalbydyr

turkmenhabargullugy