18.04.2026
DÜNÝÄ

GORANMAK MINISTRLERINIÑ ÝYGNAGY ALBANIÝANYÑ PAÝTAGTY TIRANDA GEÇIRLER

Günorta gündogar Ýewropa ýurtlarynyñ Goranmak ministrleriniñ ýygnagy Albaniýanyñ paýtagty Tiranda geçirler.

Türkiýä Milli Goranmak ministri Wejdi Gönülüñ wekilçilik etmeginde geçiriljek ýygnakda adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklara garşy sebit ýurtlarynyñ goranyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaklary ýaly meseleler barada pikir alyşylar.

Ýygnakda mundan başgada goranyş meselesinde sebit ýurtlarynyñ arasyndaky hyzmatdaşlygyñ güýçlendirilmegi üçin edilmeli işler hem gün tertibine getirler.

Albaniýanyñ Goranmak ministri Arben İmami jurnalistlere beren beýanatynda Günorta Gündogar Ýewropa ýurtlarynyñ Goranmak ministrleriniñ ýygnagynyñ howpsuzlyk we goranmak ýaly ugurlarda sebit ýurtlarynyñ arasynda diýalogyñ ösdürilmegine goşant goşjakdygyny bildirdi.

referans: wwwtrtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmenistan-Malaýziýa: Nebitgaz Pudagynda Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň Wekilleri Bilelikdäki Resminamanyň Taslamasyny Ara Alyp Maslahatlaşmak Üçin Duşuşyk Geçirdiler

Metbugat Üçin Habar