10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
DÜNÝÄ

“BU HABARNAMANYÑ OBÝEKTIW BOLJAKDYGYNA YNANÝARYN”

Azerbaýjanyñ Prezidenti İlham Aliýew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna degişli toparyñ Garabaga guran sapary bilen baglanşykly obýektiw habarnama taýarlajakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Prezident Aliýew ermeni güýçleriniñ sebitdäki binalary dolylygyna diýen ýaly ýykandygyny belledi.

Metjitler bilen birlikde taryhy binalara hem zeper ýetirlendigini ýatladan Aliýew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna degişli toparyñ taýarlajak habarnamasynyñ bu ýagdaýy halkara jemgýetçiligine subut etjekdigine ynanýandygyny nygtady.

“Bu habarnamanyñ obýektiw boljakdygyna ynanýaryn” diýen Prezident İlham Aliýew ýurdunyñ basyp alnyşygy kabul edip bilmejekdigine aýratyn ünsi çekdi.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmenistan – BMG

syrach

Türkmenabat Halkara Howa Menzili

Brent Nebitiniň Barreliniň Bahasy 53,40 Dollara, WTI-niňki 50,53 Dollara Çenli Aşak Düşdi