15.01.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Energetika diplomatiýasy: gepleşikler çäkleri giňeldýär.

Energetika Hartiýasynyň döredilmeginiň taryhy we wezipeleri bu energetika jemgyýetiniň Baş Sekretary Urban Rusnagyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiren okuwynyň esasy özeni boldy.

Myhmanyň belleýşi ýaly, häzirki zaman ýagdaýlar energo geçirijileriň halkara iberilişini ygtybarly goramak, şeýle hem Türkmenistanyň ÝET ösdürilmegine göýberilýän maýa goýumlaryň möçberkerini artdyrmak maksady bilen, köp ugurly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny talap edýär

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň hormatly myhmany özüniň okuw sapagynyň dowamynda Energetika hartiýasynyň biziň ýurdumyz bilen gönüden-göni işewür hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berdi.Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyna laýyklykda, bu resminama gol çeken döwletiň borjy has giň energetika bazaryny döretmek bilen baglylykda möhüm ylmy gözlegleri geçirmäge, tehnologiki işläp taýýarlamalry we täzelikleri ýaýratmaga gönükdirilendir. Muňa bilim ulgamyndaky, has takygy, öwredýän çäreleri geçirmäge, hereket edýän gatnaşyklar şertleri döredýär.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Saglygy Goraýyş Ulgamyna Degişli Täze Binalaryň Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdy

syrach

Türkmenistanyň Halkara Şertnamalary Hakynda

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

turkmenhabargullugy