15.01.2026
TEHNOLOGİÝA

Türkmenistan 2015-nji yylynda ilkinji milli sputnigini kosmosa iberyär.

Türkmenistan ilkinji habar sistemasyny Ýerin emeli hemrasyny kosmosa 2015-nji ýylynda uçurar. Bu temany ýöretmek üçin  ýörite  Milli kosmos agentligi açyldy. Kosmosa uçurlýan sputnige “Türkmen Älemi” ady berildi. “Türkmen Älemi” sputnigini Fransiýanyň  “Thales Alenia Space” kompaniýasy amala aşyrýar. Fransiýanyň kompaniýasy bilen Aşgabat arasyndaky ylalaşyk, kompaniýa hem sistemany gurar hem de 15 ýyl tehniki ýardam eder.

Ahal welaýatynda sputnigi dolandyryş merkezi guruldy. Dolandyryş merkeziniň açylyş dabarasyna prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabarada, Türkmen sputniginiň 2015-nji ýylyň iýun aýlarynda kosmosa uçuruljagy aýdyldy. Türkmen Älemi 52.0 E sputnigi, täze açylan sputnik merkezinden dolandyryljak.


   Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, sputnigiň dolandyryş merkezi barada dolandyryjylardan maglumat aldy.
Türkmenistan şu wagt Rusýanyň Gazprom kompanýasyna bagly “Ýamal sputnigini” ulanýar. 

Degişli makalalar

Täze Galkynyş sergisi öz işini tamamlady

syrach

“AIR­BUS” 1000 ýolagçy uçaryny öndürmäge taýýarlanýar.

syrach

Türkmenistanyň Ulag Geçelgeleri – Geoykdysady Giňişlikde Hyzmatdaşlygyň Ýoly

turkmenhabargullugy