37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
YKDYSADYÝET

Haryt Çig Mal Biržasy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 31-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Latwiýadan we Estoniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar, BAE-den we Malaýziýadan gelen işewürler bolsa tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplükler, arassalanan pagta ýagy, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Eýran, Singapur we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 427 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 1 million 460 müň manatlykdan gowrak ownadylan polimerleri (Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

syrach

Birža Täzelikleri

Watanymyzyň Täze Taryhynda Ykbal Çözüji Sene

turkmenhabargullugy