10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
DURMUŞ

Parahatçylyk Ýyly Mynasybetli Konsert Geçirildi

“Watan” kinokonsert merkezinde paýtagtymyzyň häkimliginiň we şäheriň medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli konsert geçirildi. Bu ýerde belli ýerine ýetirijileriň Ş.Allaberdiýewiň, Ş.Durdyýewiň, D.Bäşimowyň, P. Hamydowyň, G. Annamyradowanyň ýerine ýetiren aýdymlarynda paýtagtymyz we eziz Watanymyz wasp edildi. 



“Aşgabat” tans toparynyň ýerine ýetiren “Gyz ýüregi” tans kompozisiýasy tomaşaçylaryň ýadynda galan çykyşlaryň biri boldy. 

Şunuň ýaly konsertler halk folkloryndan gaýdýan milli ýerine ýetirijilik sungaty şöhlelendirmek maksady bilen geçirilýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna Üýtgetmeler we Goşmaçalar Girizmek Hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň Taslamasy

Ata Watanymyzyň Goragçylaryna Sylaglar Gowşuryldy

syrach