34.9 C
Aşkabat
02.08.2025
DURMUŞ

Sementiň 1 Tonnasy 175 Manat Möçberde Bolar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýerli gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ösdürmek we ýerli gurluşyk materiallarynyň bahalarynyň düzgünleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda öndürilýän we içerki bazarda ilata ýerlenýän sementiň 1 tonnasy üçin lomaý satuw bahasy goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda 175 manat möçberde bellenildi. 

Türkmenistanyň Senagat ministrligine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Degişli makalalar

Palwan Muhyýew

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Neşirýat Pudagynyň Öňdebaryjy

syrach

Türkmenistanda Möhletli Harby Gulluga Çagyrylyş Yglan Edildi