27.9 C
Aşkabat
03.08.2025
SPORT

Türkmen Talyplary Futbol Bäsleşigine Gatnaşýar

Bäsleşige Türkiýäniň Ankara şäherindäki Hacettepe, Gazi, Ankara, ODTU, Ýyldyrym Beýazit uniwersitetlerinde okaýan türkmenitsanly talyplardan düzülen ýygyndy futbol toparymyz hem gatnaşýar.

Bu futbol bäsleşigine 16 futbol komanda gatnaşýar. 

Futbol komandalar 4 topara bölünendir.

Türkmen talyplarynyň komandasy Türkiýäniň, Germaniýanyň we Ýewropanyň futbol komandalary bilen bäsleşer. 

Türkmen talyplardan düzülen futbol komanda 1/8 finala çykmak üçin iň az 2 komandany ýeňmeli. 

Toparlar aşakadaky ýaly bölünendir:

A topary:

1)Azerbaýjan

2)Eýran

3)Özbegistan

4)Gazagystan

 B topary:

1)Owganystan

2)DKTR

3)Indoneziýa

4)Gyrgyzystan

C topary:

1)Albaniýa 

2)Günorta Afrika

3)Demirgazyk Afrika

4)Palestina

D topary:

1)Türkiye

2)Türkmenistan

3)Germaniýa

4)Ýewropa Bileleşigi

Bäsleşige gatnaşýan talyplar: Furkat Dowranow, Hydyr Nuryýew, Röwşen Anjanow, Mekan Seýtekow, Batyr Alamow, Jumanazar Jumaýew, Guwanç Jumaýew, Guwanç Sopyýew, Haýytmyrat Baýarow, Bagtyýar Babajanow, Resul Hydyrow, Yhlas Piriýew, Ömer Selbiýew, Rejepmuhammet Baýmyradow. 

çeşme: trtturkmen 

 

Degişli makalalar

Ystambulda Futbol Bäsleşigi Bolar

syrach

Petank Türkmenistan

syrach

Türkmen Karateçileriniň Üstünlikleri

syrach