33.9 C
Aşkabat
27.07.2025
DURMUŞ

Gorkut Mirasy we Türki Dünýäsi Atly Medeni Agşam Geçirildi

2015-nji ýylyň 15-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň 70 ýyllygyna, “Gorkut ata” kitabynyň ilkinji çap edileniniň 200 ýyllygyna we medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň halkara onýyllygyna bagyşlanan “Gorkut mirasy we türki dünýäsi” atly medeni agşamy geçirildi. Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliýetleriniň Halkara türki akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmeklerinde guraldy.

Agşamyň açylyşynda gutlag sözi bilen ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň wekili, Gazagystanyň Döwlet sekretary G.Abdylkadyrow, Azerbaýjanyň Wise-premýeri E.Afandiýew, Türkmenistanyň YA-nyň Milli golýazmalar institutynyň direktory A.Aşyrow, Halkara türki akademiýasynyň prezidenti D.Kydyrali we Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Botsali dagylar çykyş etdiler.  

Agşam bu ýurtlardan gelen artistleriniň konserti bilen dowam etdirildi, olar öz çykyşlary bilen gatnaşyjylara halklaryň birligini pugtalandyrýan we olaryň medeni hyzmatdaşlyklarynyň geljekki ösüşine ýardam edýän türki halklaryň baý medeni mirasyny görkezdiler. 

Türkmenistandan Türkmen milli konserwatoriýasynyň topary çykyş etdi, olar türkmen halk aýdym-sazlaryny, şeýle-de “Huýrlukga-Hemra”, “Şasenem-Garyp” we “Saýatly-Hemra” halk dessanlaryndan aýdymlary ýerine ýetirdiler. 

Degişli makalalar

Uly Bilermenleriň Gullugynyň Çäklerindäki Bilelikdäki Taslama Türkmen-German Hyzmatdaşlygynyň Ugurlarynyň Biridir

Aşgabatda Medeniýet Hepdeligi-2017 Badalga Aldy

turkmenhabargullugy

Türkmen-Owgan Gatnaşyklary: Hoşniýetli Goňşuçylyk we Sebitde Ýakynlaşmak Syýasatynyň Mysaly